Magtymgulynyň edebi portreti

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gylyç Kulyýew akyldar şahyryň edebi keşbini ilkinji bolup şöhlelendirdi
* * *
Gylyç Kulyýew otuz ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmen nusgawy edebiýatynyň iň beýik gerişleriniň biri bolan Magtymguly Pyragynyň edebi portretini döreden alym ýazyjydyr.
Nazar GULLAÝEW,
professor.
* **
Gylyç Kulyýew taryhy çeşmelerden, beýik şahyryň öz galdyran edebi mirasyndan başarnykly peýdalanyp, Magtymgulynyň dürli öwüşgindäki keşbini döredip bilipdir.
Dmitriý MOLDOWSKIÝ,
rus ýazyjysy.
* * *
Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gylyç Kulyýew milli edebiýatymyzda özboluşly yz galdyran ýazyjylaryň biridir. G.Kulyýew dürli ýyllarda ozalky SSSR-iň Eýranyň Gürgen şäherinde wise-konsuly, Owganystandaky Ilçihanasynyň birinji geňeşçisi, Tunis Arap Respublikasyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipelerinde işledi. Ol «Köpetdagyň aňyrsynda», «Ýowuz günler», «Magtymguly», «Güljemal han», «Gara kerwen», «Ýanbermez alžirli», «Emiriň ilçisi», «Harasatly Kabul», «Gijigen ökünç» ýaly powestlerdir romanlaryň we «Ýanbermez alžirli», «Ýürege emir edip bolmaýar», «Ah, siz erkekler» ýaly pýesalaryň awtory hökmünde-de giňden tanalýar.
Gylyç Kulyýewiň ýazyjy hökmünde adygmagy onuň akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga bagyşlap ilkinji bolup iri çeper eser — roman ýazmagy bilen baglydyr. Ol 1956-njy ýylda neşir edilen «Köpetdagyň aňyrsynda» atly powestinde Eýranda ýaşaýan türkmenler we Magtymguly Pyragynyň önüp-ösen, baky aram tapan ýerleri barada jikme-jik gürrüň berýär. Öz döwründe döredijilik intelligensiýasy tarapyndan bu powest pähim-parasata ýugrulan goşgulary bilen alyslarda-da tanalan şahyryň edebi portretini çeper suratlandyran eser diýlip ykrar edilýär.
Okyjylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanan bu eser ýazyjyny ýene-de beýik söz ussadynyň ömri we döredijiligi barada ýazmaga ruhlandyrýar. Ýazyjy bu temany täze maglumatlar bilen has-da baýlaşdyryp dowam etmegiň arzuwynda döredijilik gözlegleri alyp barýar.
1964-nji ýylda G.Kulyýewiň «Ýowuz günler» romany okyjylara gowuşýar. On ýedi bapdan ybarat bu roman Magtymguly Pyragy we onuň ýaşan döwri barada täsirli söhbet açýar. 1967-nji ýylda «Ýowuz günler» romany rus dilinde neşir edilýär. Romanyň terjime edilmegi doganlyk halklaryň okyjylarynyň akyldar şahyrymyzyň ömri we döredijiligi baradaky gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Olar bu eser arkaly şahyryň ruhy dünýäsi, onuň türkmen halkynyň agzybirligine, jebisligine bagyşlanan goşgulary bilen içgin tanyşýarlar.
Uzak ýyllaryň dowamynda dogduk mekandan alyslarda işlemeli bolan alym ýazyjy «Sökülen ýollar» atly esse-ýatlama ýazýar. Bu esse-ýatlama onuň ömür we döredijilik ýolunyň özboluşly beýany bolup, ykbal öwrümlerinde başdan geçiren täsirli wakalaryny özünde jemleýär. Çeperçilik taýdan kämil ýazylan esse-ýatlamanyň süňňüni halypa ýazyjyny Magtymguly barada edebi eser döretmäge ruhlandyran wakalar düzýär. G.Kulyýew bu barada esse-ýatlamasynda şeýle belleýär: «Men taryhçy alym. Eýranda alty ýyl işledim. Şol ýyllar men Gürgen, Mazendaran, Şahrud, Senan welaýatlaryna aýlanyp gördüm. Magtymguly Pyragynyň nebereleri bilen duşuşmak, olaryň şahyryň ömri we döredijiligi baradaky gürrüňlerini diňlemek miýesser etdi. Eýýäm şol ýyllarda beýik söz ussady barada eser ýazmak islegi öz-özünden döredi». Ol şeýle diýmek bilen özüne ýazyjy hökmünde uly üstünlik getiren, ýigrimi iki bapdan ybarat «Köpetdagyň aňyrsynda» atly powestiniň döreýiş taryhyny gürrüň berýär.
G.Kulyýew wakalaryň özboluşly sazlaşygynda dowam edýän esse-ýatlamasynda «Ýowuz günler» atly romanynyň döreýiş taryhy barada aýratyn durup geçýär. Ýazyjy: «Köpetdagyň aňyrsynda» atly powestim okyjylar tarapyndan gyzgyn garşylandy. Olaryň maňa ýazan hatlaryndan çen tutup, ýene-de şu temany dowam etmek isledim. «Ýowuz günler» romanynda şahyryň akyl-paýhasynyň goýalyşan, gözýetiminiň giňän ýyllaryny hem-de halkymyzyň agzybirligi, jebisligi barada eden arzuwyny suratlandyrmaga çalyşdym» diýip belleýär.
G.Kulyýewiň 1983-nji ýylda «Magtymguly» atly iki kitapdan ybarat romany neşir edilýär. Alym ýazyjy bu romanda şahyryň baý hem köptaraply döredijilik dünýäsine içgin aralaşmaga çalyşýar. Şahyryň belent duýga, ýiti pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň özenini düzýän ynsanperwer pikirlerini akyldaryň edebi portreti arkaly okyjylara ýetirýär. Romanda beýik söz ussady ynsanperwer, öz halkyny, Watanyny ýürekden söýýän parasatly adam hökmünde suratlandyrylýar. Ýazyjy saýlap alan temasyna içgin beletlik bilen şahyryň türkmen halkyny birleşdirmek, özbaşdak döwlete gulluk etmek ýaly pikirlerini yzarlaýar. «Magtymguly» romany rus diline terjime edilýär.
G.Kulyýew «Magtymguly» romanynda şahyryň kyblasy Döwletmämmet Azadynyň öz ogluna bolan garaýşyny belent duýgular arkaly beýan edýär. Ol bu babatda şeýle diýýär: «Döwletmämmet ogullaryna mähirde tapawut goýmasa-da, iň kiçi ogluna — Magtymgula ýaşyndan ýokary hormat goýýardy, oňa aýratyn uly umyt bilen garaýardy. Dogrusy, onuň keşbinde özüni syzýardy. Onam kakasy ýaly bilim almak üçin, dünýäniň akyldar şahyrlarynyň eserleri bilen tanyşdyrmak üçin Hywa, meşhur Şirgazy hanyň medresesine okuwa iberipdi». Romandan alnan bu sözler iki beýik söz ussadynyň biri-birine bolan hormat-sylagyny beýan edýär.
Romanyň çeperçilik taýdan gymmatyny düzýän ýene bir aýratynlyk, ol-da alym ýazyjynyň Döwletmämmet Azadynyň ogullary Abdyllanyň, Magtymgulynyň, Mämmetsapanyň keşplerini çeper sypatlandyrmagy başarmagy bilen baglydyr. Ýazyjy olary şeýle sypatlandyrýar: «Ýaňy otuzy dolduran Abdylla inisi Magtymgulydan alty ýaş dagy uly bolsa-da, syrat jähetden ondan gaty bir tapawutlananokdy. Ol Magtymgula görä ýognasdy. Onuň Güne ýanan, süýrüräkden goňras ýüzi gyzgyltdy, ýaňaklarynyň gany ýere damaýjak bolýardy. Magtymgulynyň ýüzi aksowultdy, agasynyňka görä öçügräkdi, ýiti gözleri tebigy agraslyk bilen agyp-dönýärdi. Mämmetsapa görk jähetden Magtymgula çalym edýärdi. Olam aksowult ýüzli, degenek ýigitdi. Onuň üstesine keşbi açykdy, gözleri birsyhly ýylgyryp durdy».
G.Kulyýew bu romanda şahyryň Meňlä bolan söýgüsini şeýle suratlandyrýar: «Meňli gyz! Magtymguly üçin mähir gülleriniň içinde ondan owadan, ondan ajap gül ýokdy. Şonuň üçin-de onuň intizaryny çekmek ýigide diýseň agyr düşýärdi. Emma alajy näme?! «Gül tikensiz, ýar dertsiz bolmaz». Yşk derdini çekýän şahyryň ýürek urgusy bolup eşidilýän bu sözler onuň Meňlä bolan mähir-muhabbetiniň biserhetdigini okyjylara ýetirýär.
G.Kulyýew alym ýazyjy hökmünde Magtymguly Pyragynyň edebi portretini janlandyrmak üçin tas otuz ýyla golaý wagtyny sarp edýär. Ol bu babatda özüniň esse-ýatlamasynda şeýle belleýär: «Magtymguly halkyň içinden çykan, onuň ykbalyny öz ykbalyna berk baglan. Ynsan hem onuň ykbaly... Watan hem onuň ykbaly... Magtymgulynyň döredijiliginiň gönezligi, ine, şu zatlar bilen baglydyr. Men ýazyjy hökmünde şahyryň pähim-parasatyndan çykýan bu ajaýyp pikirleri okyjylara ýetirmegi göz öňünde tutdum».
G.Kulyýewiň köptaraply döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýän bu tema Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüni we edebi mirasyny öwrenmekde häli-häzire çenli uly ähmiýete eýedir.