Site announcements

WATANYM

WATANYM

by Rektor HGI -
Number of replies: 0

Nobatguly REJEBOW, Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

WATANYM

Watan — gyzgyn gursagymda namysym,
Watan — ýüreginden öndüren enem.
Watan — babalaryň bagyşlan bagty —
Mukama, mähire, söýgä eýlenen.

Gitsem — enem deýin elin serenim,
Gelsem — enem deýin gujak gerenim —
Eziz Watan, sensiň şirin janlary,
Seniň üçin şirin janyn bereniň.

Olaň arzuwydyň, aýdymydyň sen,
Olar sen bolubam göwsüňde galdy.
Aby-Zemzem suwy bar bolsa sensiň,
Senden haýsymyzyň mährimiz gandy?!

Seniň Garagum däl, altyn humuň bar,
Seniň dagy-daşy ýarýan demiň bar.
Seniň şan-şöhratyň Ýer ýüzüne däl,
Onuň geljegne-de ýalkymyn salýar.

Urşuň, gowur-gabahatyň üstünden,
Goja gyňyr tebigatyň üstünden,
Ädim ur, Watan!
                              Döret, gur, Watan!
Ýeňişlerden-ýeňişlere ýör, Watan!

ÝAŞA!

Baýlygyň bil älem içre barlygyň,
Ýakyn-ýadyň bile il bolup ýaşa!
Darykdym men bilip dünýäň darlygyn,
Dünýäde dünýe deý giň bolup ýaşa!

Başyn nä gowgaýa salyp pelegiň,
Ýaşan mert türkmendir seniň pederiň.
Eýer — tagtyň, döwletiňdir bedewiň,
Oguz handan gaýdan ýol bolup ýaşa!

Gurt oglusyň! — Azmy, duşmany gurduň?
Borjuň näme? — Ony ynsabyň buýrsun!
Eýesi sen pajarlaýan şu ýurduň,
Deňiz, derýa bolup, köl bolup ýaşa!

Haýsy alla bilsin haýsy asyrdan
Daş ýaryp, kök urup gaýdan asyllaň.
Seniň aslyň aňyrdandyr aňyrdan,
Eýýamdan-eýýama sal bolup ýaşa!

Kä düzlere düşdük, käte derbende,
Kä ýük düşer, käte kement gerdenňe.
Ejizleme, duşmanyňa per berme,
Köpelip, köçelip, köl bolup ýaşa!

Çopan dälsiň, dälsiň asla padadan,
Mertden mertsiň, danasyň sen danadan.
Bihal bolan däldir ata-babalaň,
Sen halsyz zamana hal bolup ýaşa!

Oda atsalar, çykgyn mele nan bolup,
Suwa atsalar, çykgyn Kesterhan  bolup,
Ýygna il-ulsuňy desterhan bolup,
Daşdan garyp, içden han bolup ýaşa!

"Txrkmenistan", 7.05.2022
Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)