Site announcements

Şekilde saklanan taryh

Şekilde saklanan taryh

by Rektor HGI -
Number of replies: 0

Ata Watanymyz türkmeniň şanly geçmişinde öçmejek yz galdyran meşhur şahsyýetlerimiziň hormatyna bina edilen ajaýyp ýadygärliklere, nesiller üçin mukaddes miras bolup galan taryhy-medeni gymmatlyklara örän baý. Şeýle gymmatly ýadygärlikleriň biri-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Mäne obasynyň golaýynda ýerleşýän Abu Seýit Abul Haýryň — Mäne babanyň kümmetidir. Taryhy maglumatlara görä, bu ýadygärlik Gündogaryň beýik akyldary, şahyr hem filosof Abu Seýit — Mäne baba dünýäden ötenden soň, XI asyryň ikinji ýarymynda türkmen-seljuk soltanlary Togrul beg we Çagry beg tarapyndan gurdurylypdyr. Mäne baba we onuň hormatyna bina edilen bu ýadygärlik barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynyň birinji jildinde gyzykly hem giňişleýin gürrüň berilýär.

Bu täsin ýadygärligiň bezeg işlerini içgin synlanyňda, orta asyr türkmen nakgaşlarynyň, gurluşykçy ussalaryň ölmez-ýitmez eserleri döretmegi başarandyklaryna göz ýetirmek bolýar. Ýadygärligiň içindäki diwar bezeg işlerine syn eden mahalyň dürli ösümlikleriň pür-pudaklary, güljagazlar, şeýle hem olaryň hatarynda ak patrak bolup açylyp duran gowaçanyň şekilleriniň bardygyna göz ýetirýärsiň. Bezeg işlerini geçiren ussa gyzgylt goňur reňk bilen gowaça nahallaryny tebigy görnüşine ýakyn edip, şeýle hem açylan gozalaryň daşyny garamtyl-gök çyzyk bilen jähekläp, ak pagtanyň çogup duran hanasynyň keşbini şekillendiripdir.

Türkmen topragynyň bereket nyşany bolan, hasyla duran gowaçanyň şekiliniň bu binanyň bezeginde saklanyp galmagyndan aýratyn many çykarmak bolýar. Boýagçy ussa, megerem, bu şekili bize miras galdyrmak bilen, ata-babalarymyzyň rysgal hem bereket tapan ekininiň pagta bolandygyny, onuň aklyk, päklik manysynda hem uly ähmiýete eýedigini görkezmek isläpdir.

Hasyla duran gowaçanyň şekilinde onuň reňk hem mazmun sazlaşygy-da uly täsir galdyrýar.

Syrdan doly bu ýadygärligiň aýawly saklanmagy we öwrenilmegi, geljek nesillere ýetirilmegi babatda yzygiderli alada edilýändigi onuň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny görkezýär.

Babyş KURBANGELDIÝEW,
Kaka etrabynyň prokurorynyň kömekçisi.

Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)