Site announcements

Siziň sözlük tekjäňize.

Siziň sözlük tekjäňize.

от Rektor HGI -
Количество ответов: 5

Hormatly talyplar!


Depozitariý näme!

Bu sowala jogap beren talyplar: D.Baýramow, M.Baýjanow, P.Hojamberdiýew, G.Hamedowa, M.Garýagdyýew. Berekella, talyplar!

Dogry jogap:

Depozitariý (lat. depositum – saklamaga berlen zat). Halkara hukukda – munuň özi halkara köptaraplaýyn şertnamanyň we oňa degişli resminamalaryň (beýannamalaryň, bellikleriň, ratifikasion hatlaryň we ş.m.) asyl nusgalaryny saklaýan bir ýa-da birnäçe döwletdir, halkara hökümetara guramasydyr, ýa-da şeýle guramanyň esasy administratiw wezipeli adamsydyr.

A. Rahmanow DIPLOMATIK GULLUGYŇ ESASLARY (Taryh – kadalar – nazaryýet – tejribe). Ash. 2012y. 352-sah


В ответ на Rektor HGI

Re: Siziň sözlük tekjäňize.

от Dawut Baýramow -
Salam mugallym!
DEPOZITARIÝ ( Депозитарий / Depository /
Mevduat Sahibi) Gymmatbaha kagyzlary saklamak,
olar boýunça hasaba alyş we hasaplaýyş geçirmek,
göterimleri töletdirip almak we gymmatbaha kagyzlar
boýunça beýleki hyzmatlary amala aşyrýan gurama.
Goýum alyjydan (depositary) tapawutlandyrmaly.
Şeýle hem halkara depozitariý ylalaşygy diyip termin bardyr. Bu diýmek halkara ylalaşyklarynda( kanunçylyk) belli bir döwletin ýa-da halkara guramanyň halkara ylalaşyklaryň tekstlerinyň saklamaklygyny oz boýnuna almagy, resminamalaryň ratifikasiýa etmegi we s.m
В ответ на Rektor HGI

Re: Siziň sözlük tekjäňize.

от Gunça Hamedowa -
Salam mugallym.
Depozitariý (lat. depositum - saklamaga berlen zat). Halkara hukukda - munuň özi halkara köptaraplaýyn şertnamanyň we oňa degişli resminamalaryň ( beýannamalaryň, bellikleriň, ratifikasion hatlaryň we ş.m) asyl nusgalaryny saklaýan bir ýa-da birnäçe döwletdir, halkara hökümetara guramasydyr, ýa-da şeýle guramanyň esasy administratiw wezipeli adamsydyr.
В ответ на Rektor HGI

Re: Siziň sözlük tekjäňize.

от Maksat Garýagdyýew -
Salam mugallym.
Depozitory ( latyn dilinde: Depozitariýadan - türkmençe ammar.)
Depozitory - gymmatly kagyzlaryň şahadatnamalaryny saklamak.
Halkara hukugynda depozitariýa köptaraplaýyn şertnama ynanylan hökümet ýa-da guramadyr. Depozitariýanyň esasy wezipeleri Wena Şertnamalar kanunynyň 77-nji maddasynda bar.