Site announcements

Siziň sözlük tekjäňize.

Siziň sözlük tekjäňize.

by Rektor HGI -
Number of replies: 5

Hormatly talyplar!


Depozitariý näme!

Bu sowala jogap beren talyplar: D.Baýramow, M.Baýjanow, P.Hojamberdiýew, G.Hamedowa, M.Garýagdyýew. Berekella, talyplar!

Dogry jogap:

Depozitariý (lat. depositum – saklamaga berlen zat). Halkara hukukda – munuň özi halkara köptaraplaýyn şertnamanyň we oňa degişli resminamalaryň (beýannamalaryň, bellikleriň, ratifikasion hatlaryň we ş.m.) asyl nusgalaryny saklaýan bir ýa-da birnäçe döwletdir, halkara hökümetara guramasydyr, ýa-da şeýle guramanyň esasy administratiw wezipeli adamsydyr.

A. Rahmanow DIPLOMATIK GULLUGYŇ ESASLARY (Taryh – kadalar – nazaryýet – tejribe). Ash. 2012y. 352-sah


In reply to Rektor HGI

Re: Siziň sözlük tekjäňize.

by Dawut Baýramow -
Salam mugallym!
DEPOZITARIÝ ( Депозитарий / Depository /
Mevduat Sahibi) Gymmatbaha kagyzlary saklamak,
olar boýunça hasaba alyş we hasaplaýyş geçirmek,
göterimleri töletdirip almak we gymmatbaha kagyzlar
boýunça beýleki hyzmatlary amala aşyrýan gurama.
Goýum alyjydan (depositary) tapawutlandyrmaly.
Şeýle hem halkara depozitariý ylalaşygy diyip termin bardyr. Bu diýmek halkara ylalaşyklarynda( kanunçylyk) belli bir döwletin ýa-da halkara guramanyň halkara ylalaşyklaryň tekstlerinyň saklamaklygyny oz boýnuna almagy, resminamalaryň ratifikasiýa etmegi we s.m
In reply to Rektor HGI

Re: Siziň sözlük tekjäňize.

by Merdan Baýjanow -
Salam mugallym!
Depozitariý - bu gymmmat baha kagyzlar bazarynyň gatnaşyjysy bolup, gymmat baha kagyzlaryň sertifikatlaryny saklamak we gymmat baha kagyzlara bolan eýeçilik hukugynyň geçirilmegini hasaba almak boýunça hyzmatlary amala aşyrýan şahs.
In reply to Rektor HGI

Re: Siziň sözlük tekjäňize.

by Perman Hojamberdiýew -
Salam mugallym!
Depozitariý(latyn depositarium - ammar):

Depozitariý- gymmatly kagyzlar bazaryna hünärmen gatnaşyjy, gymmatly kagyzlaryň şahadatnamalaryny saklamak we / ýa-da gymmatly kagyzlaryň eýeçiliginiň geçirilmegini hasaba almak üçin hyzmatlar bermek.
In reply to Rektor HGI

Re: Siziň sözlük tekjäňize.

by Gunça Hamedowa -
Salam mugallym.
Depozitariý (lat. depositum - saklamaga berlen zat). Halkara hukukda - munuň özi halkara köptaraplaýyn şertnamanyň we oňa degişli resminamalaryň ( beýannamalaryň, bellikleriň, ratifikasion hatlaryň we ş.m) asyl nusgalaryny saklaýan bir ýa-da birnäçe döwletdir, halkara hökümetara guramasydyr, ýa-da şeýle guramanyň esasy administratiw wezipeli adamsydyr.
In reply to Rektor HGI

Re: Siziň sözlük tekjäňize.

by Maksat Garýagdyýew -
Salam mugallym.
Depozitory ( latyn dilinde: Depozitariýadan - türkmençe ammar.)
Depozitory - gymmatly kagyzlaryň şahadatnamalaryny saklamak.
Halkara hukugynda depozitariýa köptaraplaýyn şertnama ynanylan hökümet ýa-da guramadyr. Depozitariýanyň esasy wezipeleri Wena Şertnamalar kanunynyň 77-nji maddasynda bar.