Şükür — parlament diplomatiýasynyň wekili (Ýaş žurnalistiň sözi)

Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powesti Şüküriň bagşy däl-de, sazanda bolandygy baradaky jümleler bilen başlanýan hem bolsa, aslynda, Şükür halk parlamentiniň wekili, medeni diplomatiýanyň öňbaşçylarynyň biri bolan şahsyýet. Sözümiz gury bolmaz ýaly, biraz giňişleýin düşündiriş bermäge synanyşalyň! Eýsem, Şükür halk parlamentiniň wekili, onda-da sözi diňlenilýän agzasy bolmadyk bolsa, ýesir düşen agasyny halas etmek ýaly wajyp meselede köpçüligiň gapma-garşy pikirdedigine garamazdan, özüni diňledip bilermidi?! Medeni diplomatiýa durky bilen berilmedik ynsan şeýle uly matlaba ýetmekde diňe sazyň güýjüne daýanmaga milt edip bilermidi, eýse?! Geliň, hakyda ýumagyny biraz yza saradyp, şol galagoply zamana aralaşmaga synanyşyp göreliň!
...Şükür saz çalýar. Daş-töweregi, nirededigini unudyp, saz çalýar. Onuň üçin häzir tutuş dünýäde diňe özi we dutary, ýüreginde bolsa parahatçylyk hakdaky ýeke-täk arzuwy bar, ol saz çalýar…
...Şükür saz çalýar. Biribar ilki ýaradanynda jany saz bilen giren ynsanyň ýüregine-de saz bilen ýol tapyp bolýandygyna ynanýandygy üçin, ol saz çalýar…
...Şükür saz çalýar. Özüni diňleýän märekäniň bir çetinde agasy eli gandallam bolsa, umytly otyr, ol häzir Şükür üçin diňe dogan däl, ol häzir Şükür üçin uruşlaryň pidasy bolan bitewi adamzadyň keşbi. Şükür saz çalýar. Sazandanyň ýürek matlaby häzir diňe agasyny halas etmek däl, ol saz arkaly, sungat arkaly uruşlaryň soňuna çykmak, agasyny ýesirlikden, dünýäni bolsa uruş-jeň belasyndan halas etmek isleýär.
...Şükür saz çalýar. Gara gazmanyň iki kirşiniň bileleşip çykarýan owazyna halklary birleşdirmek baradaky ak arzuwy siňdirip, ol saz çalýar...
Şükür bagşynyň şol sazy gylyçdyr-gürziniň başarmadyk işini sungat arkaly amal edip boljakdygyna dünýä taryhyndaky iň uly subutnamalaryň biridir. Onsoň neneň Şüküre diplomat diýjek däl?! Şükür bagşy däl diýip bolar, ýöne oňa diplomat däl diýmek mümkin däl. Gahryman Arkadagymyzyň sözleri bilen aýtsak: «Bu — parlamentiň wekiliniň, gepleşikleri geçirijiniň, diplomatyň keşbi. Bu ýerde gürrüň meseleleri güýç ulanyp çözmegiň garşysyna ýaraga daýanyp däl-de, eýsem, parahatçylykly serişdeleri ulanyp, ýeňiş gazanmak we maksada ýetmek barada barýar».
♦ ♦ ♦
Şükür bagşynyň şol sazy häli-häzirem her bir türkmeniň gulagynda ýaňlanyp durandyr diýsek, hakykatdan daş düşmeris. Şeýle bolmanlygynda häzir biziň ýurdumyz dünýäniň parahatçylyk merkezine, halklary birleşdirýän mekana öwrülermidi?! «Sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar» diýip, şol sazdan ylham alan Gahryman Arkadagymyzyň halklary dost-doganlyga çagyrýan başlangyjynyň netijesinde türkmen topragynda 12-13-nji maýda nobatdaky halkara çäre — Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy, şeýle-de onuň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň dialogy geçirildi.
Ýurtda bagtyýarlygyň höküm sürmeginiň iň esasy şertleriniň biri ynsanyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň kanunda berkidilmegi we goralmagydyr. Şu nukdaýnazardan, döwletleriň arasyndaky parlamentara gatnaşyklara uly orun degişli. Dünýä diplomatiýasynyň sözlügini «Aşgabat görnüşi» diýen ýene bir söz bilen baýadan iri halkara çäre — Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy döwlet durmuşyna degişli ähli ugurlarda kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, gatnaşyjy döwletlerde parlament demokratiýasyny ösdürmek boýunça işjeň pikir alyşmalaryň meýdançasyna öwrüldi. Şeýle-de bu halkara çäre gatnaşyjy döwletleriň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygynyň geljekde ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge hem şert döretdi. Forumyň netijeleri boýunça yglan edilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň Aşgabat Jarnamasynda parlamentara hyzmatdaşlygynyň «Merkezi Aziýa — Russiýa» diýlip atlandyrylan täze — Aşgabat görnüşiniň ştab-kwartiraly Sekretariatyny Aşgabat şäherinde döretmek barada bellenilmegi mermer paýtagtymyzyň dünýä parahatlyk şuglasyny paýlaýan şäherdiginiň nobatdaky subutnamasy hökmünde tutuş türkmen halkyny diýseň buýsandyrdy. Forumyň çäklerinde geçirilen sylag gowşuryş dabarasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Azerbaýjanyň Ýaşulular geňeşiniň iň ýokary sylagy bolan «Hormatly aksakgal» altyn ordeniniň, «Azerbaýjan dünýäsi» halkara žurnalynyň we «Dede Korkut» milli gaznasynyň «Ulu türk» altyn ordeniniň hem-de «Ýer ýüzünde parahatçylyk üçin» atly milli baýragynyň, şeýle-de GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllyk ýubileý medalynyň gowşurylmagy halkara gatnaşyklarynyň arhitekturasyny «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýa bilen baýlaşdyran, ählumumy parahatçylyk üçin örän ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyza sebit derejesinde goýulýan hormat-sarpanyň nyşany bolup, başymyzy göge ýetirdi.
Zenan — ýaşaýşyň dowamat-dowam bolmagynyň girewi. Zenanlar — durmuşymyzyň gözelliginiň kepili. Hut şonuň üçin hem türkmen halky irki döwürlerden bäri zenanlara bimöçber gadyr goýup gelipdir. 13-nji maýda Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň dialogy sebitde zenanlary döwlet işine we işewürlige çekmekde, olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek, başlangyçlaryny goldamak bilen bagly toplanan tejribäni paýlaşmak, öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak babatda uly ähmiýete eýe boldy.
♦ ♦ ♦
Aşgabatda iki günläp dowam eden halkara çäreler Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymatynyň getiren ilkinji üstünlikleri hökmünde hem-ä buýsandyrdy, hem-de bu taglymat barada has çuň oýlanmaga iterdi...
Barlyk Ýaradanyň bir sözi bilen binýat boldy. Hut şonuň üçin hem diline, dinine we milletine seretmezden, dünýäniň ähli ynsanlary söze mukaddeslik hökmünde baha berýär. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren, sözüň mukaddes güýjüne daýanýan «Dialog — parahatçylygyň kepili» taglymaty halkara gatnaşyklarynyň taryhynda döwrüň derwaýyslygyndan gelip çykan beýik başlangyçdyr.
Elbetde, häzire çenli BMG 77 ýyllyk taryhynyň dowamynda bütin dünýäde ynsanlaryň asuda durmuşyny berkarar etmek, durmuş goraglylygyny we azatlyklaryny üpjün etmek, tebigata ýetirilýän zyýanyň möçberini azaltmak ýaly hemişe hemmeler üçin derwaýys bolan wezipeleriň köp sanlysy boýunça ençeme işleri alyp bardy. Emma barha senagatlaşýan dünýäniň ösüş depgininiň barha güýjeýän döwründe tutuş planetanyň geljegine howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly dörän wehimler, tebigatda antropogen täsiriň netijesinde biologik köpdürlüligiň ýitirilmegi, halkara gatnaşyklarynda düşünişmezlikleriň artmagy, geosyýasy dartgynlylygyň güýçlenmegi, täze tehnologiýalaryň oňyn maksatlara niýetlenmedik mümkinçilikleri ýaly döwrüň örän biynjalyklyk döredýän kynçylyklarynyň hataryna COVID-19 pandemiýasynyň hem goşulmagy häzirki zaman dünýäsinde adamzadyň ykbalyna dahylly gaýragoýulmasyz çözülmeli meseleleriň bardygyny ýüze çykardy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň dünýä dahylly meseleleri çözmäge tutuş dünýä bolup agzybirlikde çemeleşmegiň gerekdigi, halklaryň, döwletleriň, ynsanlaryň arasynda ysnyşmagy, dost-doganlygy güýçlendirmegiň zerurdygy baradaky öňe süren başlangyçlarynyň şu döwür üçin örän derwaýysdygyny ýüze çykarýar. Öňde-de bir tymsalda aýdylyşy ýaly, hiç kim açarsyz gulp ýasamaýar. Durmuş hem çözgütsiz mesele bermeýär. Başgaça aýdanymyzda, ähli meseleleriň çözgüdi bileleşmekde, bir ýere jem bolnup geçirilýän gepleşiklerde — dialogda.
Geçen asyryň iň görnükli ýazyjylarynyň biri, edebiýat boýunça Nobel baýragynyň eýesi Alber Kamýunyň şeýle sözleri bar: «Adamzadyň her bir nesli özüni dünýäni täzeden gurmaga jogapkär hasaplaýar. Ýöne meniň neslimiň borjy beýle däl, meniň neslimiň borjy dünýäni halas etmek». Dogrudan hem, adamzat asyrlaryň dowamynda ylym we tehnologiýa babatda täze-täze açyşlar arkaly kämilleşmäge ymtyldy. Soňky ýüzýyllyklaryň dowamynda bu prosesiň depgininiň görnetin artmagy netijesinde, biz — XXI asyryň ynsanlary tehnologiýalaşan döwürde ýaşaýarys. Şunuň bilen baglylykda, adamzadyň öňünde täze mesele — özüniň oýlap tapyşlaryny parahatçylykly we ählumumy maksatlar üçin ulanmagy üpjün etmek wezipesi peýda boldy. Sebäbi häzire çenli edilen açyşlar, bir tarapdan, alysdaky menzilleri golaýa getiren-de bolsa, beýleki bir tarapdan, golaýdaky ynsanlary bir-birekden alyslaşdyrdy. Adamzat häzire çenli bilibu-bilmän ýalňyş niýet bilen ulanylanda tutuş dünýäni uly kynçylyklara sezewar edip biljek tehnologiýalary döretdi, maddy bähbitler üçin tebigata ýaramaz täsir ýetirdi. Görnüşi ýaly, bu wezipä amal edilmese, tutuş adamzadyň öz döreden gutulgysyz müşgillikleri bilen ýüzleşmegi mümkin. Şeýle global meseläniň çözgüdini bolsa Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren täze taglymatynyň özeninden tapmak bolýar. Çeperleşdirip aýtsak, bu taglymatyň maksady söz bilen binýat bolan barlygy söz, ýagny dialog bilen halas etmek. Hindistanyň meşhur syýasatçysy Indira Gandiniň aýdyşy ýaly: «Düwülgi ýumruk bilen salamlaşyp bolmaýar». Syýasy jedelleri, düwünleri çözmek üçin garşydaşlaryň hökman birek-biregiň elini ynam bilen gysmagy derkar. Munuň üçin bolsa syýasatçylaryň ýüzbe-ýüz bolup, gepleşikler stolunyň başyna jemlenmegi zerur.
Sözümiziň başyny Şükür bagşynyň sazyň güýji arkaly ýüreklere ýol tapandygy, şeýdibem maksadyna ýetendigi barada başlapdyk. Bu günki günde ýene türkmen topragynda türkmen milletiniň Gahryman Arkadagy tarapyndan şol parahatsöýüjiligiň täze, has möwçli tolkuny ör-boýuna galdy. «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýlip atlandyrylan bu tolkun geljekde sözüň güýji bilen tutuş dünýäni erkana, asuda durmuşa ýetirer, biz muňa çyn ýürekden ynanýarys. Sebäbi köneler: «Taryh gaýtalanýar» diýip ýöne ýere aýtmandyrlar.