Site announcements

Sözlük gorumyzy baýlaşdyralyň!

Sözlük gorumyzy baýlaşdyralyň!

by Rektor HGI -
Number of replies: 3

Hormatly talyplar!
Diplomatik agentler kimler?

Bu sowalymyza I ýyl talyplary M.Jorakulyýew, D.Baýramow, G.Oraznepesowa jogap berdiler. Berekella!

Dogry jogap: 

Diplomatik agent

- wekilhananayň baştutany ýa-da wekilhananyň diplomatik personalynyň agzasy.

B.Karaýew, G.Ataýew, B.Mätliýew "DIPLOMATIK WE KONSULLYK HUKUGY"  Ash.2015ý. sah-122;

Diplomatik agentler

– bular diplomatik we konsullyk borçlary amala aşyrýan döwletleriň diplomatik we konsul işgärleridir

A. Rahmanow DIPLOMATIK GULLUGYŇ ESASLARY (Taryh – kadalar – nazaryýet – tejribe). Ash. 2012y. 353-sah







In reply to Rektor HGI

Re: Sözlük gorumyzy baýlaşdyralyň!

by Maksat Jorakulyýew -
“Diplomatik agent” — bu missiýanyň başlygy ýa-da missiýanyň diplomatik işgärleriniň agzasy
In reply to Rektor HGI

Re: Sözlük gorumyzy baýlaşdyralyň!

by Dawut Baýramow -
Salam mugallym!
Diplomatik agentler, giň manyda - döwletiň daşarky gatnaşyklarynda wekilçilik etmäge ygtyýarly adamlar (mysal üçin, döwlet baştutanlary, daşary işler ministrleri, wekiller) we dar manyda - ähli atlaryň we derejeleriň ilçileri.