Mälim bolşy ýaly, 12-13-nji maýda paýtagtymyzda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy hem-de zenanlaryň dialogy geçiriler. Bu möhüm ähmiýetli çärelere Russiýadan, sebitiň ýurtlaryndan parlamentarilerdir halkara guramalaryň wekilleriniň, bilermenleriň köp sanlysynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy umumy döwlet diplomatiýasynyň bir bölegi bolmak bilen, ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine we «Bitarap Türkmenistanyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin daşary syýasat ugrunyň Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. Ol daşary ýurt döwletleriniň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlamentara guramalaryň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki parlament çärelerini guramak arkaly durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde dünýäniň 45 döwletiniň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlary döredildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi 2014-nji ýylda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň, 2017-nji ýylda bolsa Parlamentara Bileleşigiň agzalygyna kabul edildi. Parlamentara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek üçin dünýäniň 10-dan gowrak döwletiniň parlamentleri bilen hyzmatdaşlyk hakyndaky resminamalara gol çekildi. Milli Geňeşiň wekilleri GDA agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň duşuşyklaryna we mejlislerine yzygiderli gatnaşyp, gurama girýän ýurtlaryň parlamentarileri bilen özara tejribe alyşýarlar. Parlamentara Assambleýa tarapyndan kabul edilýän kanunlar ýurdumyzyň milli kanunçylygyny kämilleşdirmekde peýdalanylýar.
«Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde sebitde ilkinji gezek geçirilmegi meýilleşdirilýän Parlamentara forum we zenanlaryň dialogy däp bolan dostlukly türkmen-rus, türkmen-gazak, türkmen-gyrgyz, türkmen-täjik, türkmen-özbek gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe bolar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has işjeň häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň iki palataly parlament ulgamyna geçmegi hem-de Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanmagy bilen, türkmen-rus parlamentara gatnaşyklary ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarylýar. Parlamentariler iki ýurtda geçirilýän dürli görnüşli çärelere gatnaşyp, parlament işiniň anyk ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşýarlar. Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 47-nji we 53-nji mejlislerine gatnaşmagyň çäklerinde Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetleriň ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşinde we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlary hereket edýär. Olaryň arasynda işjeň hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy kanun çykaryjylyk işinde, kanunlaryň ýerine ýetirilişine parlament gözegçiligini alyp barmakda hem-de kanunlary ilat arasynda düşündirmekde tejribe alyşmaga ýardam edýär. Şeýle-de halkyň saýlan wekillerine saýlawçylar bilen işleşmekde, döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine işjeň gatnaşmakda döwrebap iş usullary babatda özara pikir alyşmak üçin amatly şertleri döredýär.
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi we Döwlet Dumasy Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň ÝHHG-niň Parlamentara Assambleýasyna (Baku, 2014 ý.), şeýle-de Parlamentara Bileleşige (Sankt-Peterburg, 2017 ý.) agzalygyny goldap çykyş etdiler. Ýurdumyzyň parlamentarileri bu guramalaryň çäklerinde Bitaraplyk hukuk derejämize laýyklykda, Russiýa Federasiýasynyň parlamentarileri bilen özara gatnaşyklary saklaýarlar. Şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna synçy hökmünde gözegçilik etmäge gelen Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň wekilleri bilen Milli Geňeşiň Halk Maslahatynda hem-de Mejlisinde duşuşyklar guraldy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi bilen Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň we Döwlet Dumasynyň, şeýle-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň arasynda parlamentara hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyklar, Milli Geňeşiň Mejlisi bilen Russiýanyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň deputatlarynyň wekiliýetleriniň arasynda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hereket edýär.
Milli Geňeşiň Mejlisi Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleri bilen hem özara gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Şol gatnaşyklar Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet Baştutany wezipesinde işlän ýyllarynda parlament diplomatiýasyny ýaýbaňlandyrmak babatda döredip beren giň mümkinçilikleri esasynda täze many-mazmun bilen baýlaşdyryldy. Şunda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi bilen Gazagystan Respublikasynyň Parlamentiniň, Gyrgyz Respublikasynyň Žogorku Keneşiniň, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň we Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň milli Majlisiniň arasynda parlamentara dostluk toparlarynyň hereket edýändigini nygtamak gerek.
Biziň ýurdumyzyň hem-de sebit döwletleriniň parlamentleriniň wekilleri parlamentara guramalaryňdyr meýdançalaryň işine, birek-biregiň guraýan çärelerine işjeň gatnaşyp, ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirýärler. Olarda döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasy arkaly goldamak babatda bilelikdäki işleri has-da kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýeri gelende, dostlukly döwletleriň parlamentarileriniň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek hem-de onda beýan edilýän çagyryşlary parlamentler tarapyndan goldamak işine goşant goşmak, parlamentara gatnaşyklary berkitmek maksady bilen, geçen ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan sanly wideoaragatnaşyk arkaly guralan «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygyna, şeýle-de şol ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyna gatnaşandyklaryny hem aýtmak gerek.
Paýtagtymyz Aşgabatda «Merkezi Aziýa — Russiýa Federasiýasy» görnüşinde ilkinji gezek parlamentarileriň we zenanlaryň forumynyň geçirilmegi bolsa Türkmenistanyň döwlet dolandyryşynda hem-de diplomatiýanyň möhüm ugurlarynda toplan oňyn tejribesini parlamentara meýdançalaryň çäginde ýaýratmaga, bu ugurda öňde durýan anyk wezipeleri ýakyndan ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berer. Bu çäreler ýurdumyzyň dünýä döwletlerini ylalaşyga we dialoga, ählumumy abadançylyga, ösüşe çagyrýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň täze taryhy döwürde has-da ilerledilýändigini giňden açyp görkezýän möhüm syýasy wakalar hökmünde hem uly ähmiýete eýe bolar.
"Türkmenistan" gazeti, 10.05.2022 // Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)
(Edited by Meylis Nepesow - original submission Tuesday, 10 May 2022, 5:45 AM)