Söz — keramat
Akyl-paýhasdan, zehinden ýüki ýetik dostum
Nazmuhammet aga (Janmuhammedow) şeýle
gürrüň berdi:
— Adamlara ruhy taýdan ýiti täsir edip bilýän
sözler keramatdyr. Ýagşy sözler adamlaryň ýüregini ýumşadýar. Şeýle sözler arkaly näsaglaryň
saglygy dikeldilipdir. Şu günki günde hem şol ýörelge lukmançylykda ulanylýar. Men saňa bir wakany gürrüň bereýin.
Bir döwür dünýäniň uly şäherleriniň birinde şeýle waka bolup geçipdir. Ýurduň hökümdary daştöweregiň abadançylygyna seredip ýörkä, şäheriň
orta gürpünde giden bir meýdanyň boş durandygyny görüpdir. Hökümdar häkimden: «Bu ýerler
näme üçin boş dur, jaý salynmandyr, bag-bakja
ekilmändir?» diýip sorapdyr. Şonda şäher häkimi:
«Bu ýeriň «Melgun ýer» diýen ady bar. Jaý gursaň
ýykylýar, bag-bakja ekseň gögermeýär» diýipdir.
Hökümdar biraz pikirlenip: «Şu günden beýläk şu
ýeriň adyny «Şypaly ýer» diýip tutuň, özüňizem
haýal etmän, gurluşyk işlerine başlaň: köpe hyzmat etjek garbanyşhana salyň, töweregine bagbakja ekiň!» diýip buýruk beripdir. Hökümdardan
şeýle buýrugy alan şäher häkimi haýal etmän gurluşyk işlerine başlapdyr. Gurulýan binalaryň töweregine bag-bakja, gül ekipdirler. Ol ýer «görmäge
göz gerek» diýleni bolupdyr. «Ýagşy söz — keramat» diýleni ýene bir gezek tassyk tapypdyr.
Dogruçyllyk
Orazmyrat hajy (Garataýew) şeýle gürrüň beripdi:
— Bir takwa kişi bolupdyr. Oňa Ymam Buhary (Muhammet bin Ysmaýyl) diýýän ekenler. Bütin
ömrüni Muhammet pygamberiň hadyslaryny ýygnamaga bagyş edipdir. Ol bir ýerde pygamberiň
hadysyny bilýän adam bar diýseler, şol ýere gider eken. Ýöne Buhary ony birnäçe günläp synap
görýän eken. Gürrüňdeşiniň gepi-sözi göwnüne
makul bolandan soň, hadyslary ýazyp alýan eken.
Bir gün oňa pylan obada pygamberiň hadyslaryny bilýän kişiniň bardygyny habar berýärler. Ol
ýol şaýyny tutup, salgy berlen oba gidýär. Soragideg edip, şol hadys bilýän adamy tapýar. Onuň
bilen birnäçe gün gürrüňdeş bolýar. Söhbetdeşiniň gepi-sözi göwnüne makul görünýär. «Ertir bu
kişiniň bilýän hadyslaryny ýazyp alaýyn» diýip,
myhman öýüne gaýdýar. Ymam Buhary ertesi
hadyslary ýazyp almak üçin bu ýere ýetip gelýärkä, şol hadys bilýän kişiniň bir düýäni içi boş legen bilen aldap, howla salyp gelýändigini görýär.
Bu ýagdaýy gören Ymam Buhary: «O-ho, meniň
bu kişiden ýazyp aljak hadyslarym şübheli boljag-ow!» diýip, yzyna öwrülip gaýdyberipdir.
Ymam Buharynyň bu jogapkärli işde örän ynjyk, talapkär bolandygy üçin onuň diwanlaryny
alym-ulamalaryň hiç biri inkär edip bilmändir.
Adamlaryň dört häsiýeti
Bir günem Orazmyrat aga adamlaryň hüý-häsiýeti hakynda gürrüň berdi.
— Gündogar okumyşlarynda şeýle gep bar. Bilmeýän bolsaň, bilip goý, Han jan! Olar adamlary
häsiýeti boýunça dört topara
bölüpdirler.
Birinji topar: bilýär, öz bilýändigini-de bilýär. Bu topara
girýänlere akylly, alym adamlar diýilýär.
Ikinji topar: bilýär, ýöne öz bilýändigini bilenok.
Bu topardakylar hem dana, alym adamlardyr. Bular, köplenç, çekinjeň, ýygra häsiýetli bolýarlar.
Üçünji topar: bilenok, ýöne özüniň bilmeýändigini bilýär. Bu hili adamlar köpçülikde «akyl satmakdan» daşdadyr, diňleýjidir.
Dördünji topar: bilenok, ýöne özüniň bilmeýändigini-de bilenok. Bular bilmese-de bilýänden bolup, eňek
bermeýänlerdir. Şu hili adamlardan Alla daş etsin!
Hangylyç TAGANGYLYJOW,
mirasgär, Türkmenistanyň
ussat mugallymy.