Site announcements

HALK HAZYNASYNDAN

HALK HAZYNASYNDAN

by Rektor HGI -
Number of replies: 0

Söz — ke­ra­mat Akyl-paýhasdan, zehinden ýüki ýetik dostum Nazmuhammet aga (Janmuhammedow) şeýle gürrüň berdi: — Adamlara ruhy taýdan ýiti täsir edip bilýän sözler keramatdyr. Ýagşy sözler adamlaryň ýüregini ýumşadýar. Şeýle sözler arkaly näsaglaryň saglygy dikeldilipdir. Şu günki günde hem şol ýörelge lukmançylykda ulanylýar. Men sa­ňa bir wakany gürrüň bereýin. Bir döwür dünýäniň uly şäherleriniň birinde şeýle waka bolup geçipdir. Ýurduň hökümdary daştöweregiň abadançylygyna seredip ýörkä, şäheriň orta gürpünde giden bir meýdanyň boş durandygyny görüpdir. Hökümdar häkimden: «Bu ýerler näme üçin boş dur, jaý salynmandyr, bag-bakja ekilmändir?» diýip sorapdyr. Şonda şäher häkimi: «Bu ýeriň «Melgun ýer» diýen ady bar. Jaý gursaň ýykylýar, bag-bakja ekseň gögermeýär» diýipdir. Hökümdar biraz pikirlenip: «Şu günden beýläk şu ýeriň adyny «Şypaly ýer» diýip tutuň, özü­ňizem haýal etmän, gurluşyk işlerine başlaň: köpe hyzmat etjek garbanyşhana salyň, töweregine bagbakja ekiň!» diýip buýruk beripdir. Hökümdardan şeýle buýrugy alan şäher häkimi haýal etmän gurluşyk işlerine başlapdyr. Gurulýan binalaryň töweregine bag-bakja, gül ekipdirler. Ol ýer «görmäge göz gerek» diýleni bolupdyr. «Ýagşy söz — keramat» diýleni ýene bir gezek tassyk tapypdyr. Dogruçyllyk Orazmyrat hajy (Garataýew) şeýle gürrüň beripdi: — Bir takwa kişi bolupdyr. Oňa Ymam Buhary (Muhammet bin Ysmaýyl) diýýän ekenler. Bütin ömrüni Muhammet pygamberiň hadyslaryny ýygnamaga bagyş edipdir. Ol bir ýerde pygamberiň hadysyny bilýän adam bar diýseler, şol ýere gider eken. Ýöne Buhary ony birnäçe günläp synap görýän eken. Gürrüň­deşiniň gepi-sözi göwnüne makul bolandan soň, hadyslary ýazyp alýan eken. Bir gün oňa pylan obada pygamberiň hadyslaryny bilýän kişiniň bardygyny habar berýärler. Ol ýol şaýyny tutup, salgy berlen oba gidýär. Soragideg edip, şol hadys bilýän adamy tapýar. Onuň bilen birnäçe gün gürrüň­deş bolýar. Söhbetdeşiniň gepi-sözi göwnüne makul görünýär. «Ertir bu kişiniň bilýän hadyslaryny ýazyp alaýyn» diýip, myhman öýüne gaýdýar. Ymam Buhary ertesi hadyslary ýazyp almak üçin bu ýere ýetip gelýärkä, şol hadys bilýän kişiniň bir düýäni içi boş legen bilen aldap, howla salyp gelýändigini görýär. Bu ýagdaýy gören Ymam Buhary: «O-ho, meniň bu kişiden ýazyp aljak hadyslarym şübheli boljag-ow!» diýip, yzyna öwrülip gaýdyberipdir. Ymam Buharynyň bu jogapkärli işde örän ynjyk, talapkär bolandygy üçin onuň diwanlaryny alym-ulamalaryň hiç biri inkär edip bilmändir. Adamlaryň dört häsiýeti Bir günem Orazmyrat aga adamlaryň hüý-häsiýeti hakynda gürrüň berdi. — Gündogar okumyşlarynda şeýle gep bar. Bilmeýän bolsaň, bilip goý, Han jan! Olar adamlary häsiýeti boýunça dört topara bölüpdirler. Birinji topar: bilýär, öz bilýändigini-de bilýär. Bu topara girýänlere akylly, alym adamlar diýilýär. Ikinji topar: bilýär, ýöne öz bilýändigini bilenok. Bu topardakylar hem dana, alym adamlardyr. Bular, köplenç, çekinjeň, ýygra häsiýetli bolýarlar. Üçünji topar: bilenok, ýöne özüniň bilmeýändigini bilýär. Bu hili adamlar köpçülikde «akyl satmakdan» daşdadyr, diň­leýjidir. Dördünji topar: bilenok, ýöne özüniň bilmeýändigini-de bilenok. Bular bilmese-de bilýänden bolup, eňek bermeýänlerdir. Şu hili adamlardan Alla daş etsin! Han­gy­lyç TA­GAN­GY­LY­JOW, mirasgär, Türkmenistanyň ussat mugallymy.

Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)