Ýaş zehinlileriň bäsleşigi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw binasynyň eýwanynda ýörite guralan «Türkmeniň ak öýünde» akyl-paýhas bäsleşiginiň I saýlama tapgyrynyň 5-nji oýny geçirildi.
Bu tapgyrda 8 okuwçy öz aralarynda ýaryşdylar. Olar bäsleşigiň deslapky tapgyrynda guralan okuw sapagynda giňişleýin düşünje aldylar. Mundan başga-da, bäsleşige gatnaşan okuwçylar bilen ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutyna gezelenç guraldy.
Bäsleşik ynsanperwer hem-de durmuş bilimleri boýunça gyzyklanma bildirýän ýaşlary goldamakda, geljekki diplomatiýa we halkara gatnaşyklary, halkara žurnalistikasy ugrundan hünärmen bolmaga isleg bildirýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Akyl-paýhas bäsleşiginiň jemleri boýunça Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçylary Arazjemal Öwezowa hem-de Kadyrmyrat Öwezgylyjow ýeňijiler diýlip yglan edildi.
Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň gymmat bahaly sowgatlary we institutyň degişli şahadatnamalary, Hormat hatlary gowşuryldy.