Halk hazynasy

Sözüň bahasy
Bir adam kaşaň jaý gurupdyr. Onuň suhanwer dosty jaýy synlap:
— Bu jaýyň depesi Gün bilen öpüşýär, gögümtil diwarlary serhowzy ýatladýar, şeýle gözelligi gören guşlar şahalarda bu binany şirin owaz bilen wasp edýär — diýipdir.
Jaý guran adam:
— Seniň bu jaý barada aýdanlaryň meniň guran binamdan-da has ajaýyp — diýip, egnine serpaý ýapypdyr.
Bäş hünär
Bir adam gyzyna gudaçylyga gelýän sawçylardan ýaýdanýandygyny aýdyp, oba ýaşulusyna ýüz tutupdyr. Ýaşuly:
— Gyzyňy berjek ýeriň, ilki bilen, adam bolsun. Adamkärçilikden daşary, iň bolmanda, şu bäş hünäriň birisinden başy çyksyn. Ýagny olar gurmak (binagärlik), ekmek (daýhançylyk), döretmek (ylym, bilim, gural ýasamak), satmak (täjirçilik) hem-de bakmakdan (çopançylyk) başy çyksa, arkaýyn gyzyňy çykaryber — diýipdir.
Miras
Nejmeddin Kubra bir goja kişini aýratyn sarpalaýan eken.
Şägirtleri ondan:
— Siz ony zürýatsyzlygy üçin sarpalaýaňyzmy? — diýip soranlarynda, ussat:
— Ol öwrenýär, öwredýär. Öwrenenini ýazyp goýýar. Muhammet pygamber: «Öwrenenini ile öwredip, galam bilen ýazanlaryny ile galdyrýan adamyň mirasy has uludyr. Oňa iki dünýäde-de hormat gapylary açykdyr» diýipdir — diýip jogap beripdir.