Biziň türkmenlerimiziň «ata Watan» diýen
jümlesinde beýik ruhy-pelsepewi many — iki sany many gatlagy bar. Munuň özi,
birinjiden, biziň Watanymyzyň atalarymyzyň Watany bolandygyny aňladýar.
Elbetde, manynyň şu birinji gatlagynda saklansaň, munda diňe taryhy-durmuş jäheti
bar. Emma bu many gatlagynda aýak çekmek — ýoluň ortarasynda, hamana, soňky
menzile ýeten ýaly, aýak çekmäge barabardyr. Könelerimiz «ata Watan»
diýenlerinde, Watanyň her birimize atadygyny, onuň barçamyzyň beýik ruhy
hossarymyzdygyny nygtamak islän bolsalar gerek. Şu-da jümläniň esasy, ikinji
ruhy manysydyr. Emma sözüň hem düşünjäniň ruhy manysynda
«Watan» diňe bir giňişlik däl, eýsem, wagtdyr hem. Biziň ýaşaýan zamanymyz,
döwrümiz hem biziň watanymyzdyr.