Site announcements

Osman Öde. Hakyda topukçalary

Osman Öde. Hakyda topukçalary

by Rektor HGI -
Number of replies: 0

Biziň türkmenlerimiziň «ata Watan» diýen jümlesinde beýik ruhy-pelsepewi many — iki sany many gatlagy bar. Munuň özi, birinjiden, biziň Watanymyzyň atalarymyzyň Watany bolandygyny aňladýar. Elbetde, manynyň şu birinji gatlagynda saklansaň, munda diňe taryhy-durmuş jäheti bar. Emma bu many gatlagynda aýak çekmek — ýoluň ortarasynda, hamana, soňky menzile ýeten ýaly, aýak çekmäge barabardyr. Könelerimiz «ata Watan» diýenlerinde, Watanyň her birimize atadygyny, onuň barçamyzyň beýik ruhy hossarymyzdygyny nygtamak islän bolsalar gerek. Şu-da jümläniň esasy, ikinji ruhy manysydyr.
Emma sözüň hem düşünjäniň ruhy manysynda «Watan» diňe bir giňişlik däl, eýsem, wagtdyr hem. Biziň ýaşaýan zamanymyz, döwrümiz hem biziň watanymyzdyr.