Site announcements

Siziň sözlük goruňyza!

Siziň sözlük goruňyza!

by Rektor HGI -
Number of replies: 3

Mähriban talyplar!

Bogdyhan kim?

Bu sowala M.Baýjanow, D.Baýramow, G.Hamedowa jogap berdiler. Berekella!

Bogdyhan [mong.] – XVI–XVII asyrlarda rus gramotalarynda (diplomatik resminamalarynda) we beýleki edebiýatlarda hytaý imperatorlarynyň atlandyrylyşy.

Hatamow J., Gurbangeldiýew J. Dünýä taryhy. XX–XXI asyrlar. I bölek. 1900–1939 ý. Umumy orta bilim berýän mekdepleriň IX
synpy üçin okuw kitaby. – A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2017. - 45 s.


In reply to Rektor HGI

Re: Siziň sözlük goruňyza!

by Merdan Baýjanow -
Salam mugallym!
Bogdyhan (mong. Bogd haan - Huday şasy, gudratly hökümdar). XVI-XVII asyrlarda rus gramotalarynda (resmi we iş kagyzlarynda, diplomatik resminamalarynda) we beýleki edebiýatlarda Hytaýyň Min we irki Sin dinastiýalarynyň imperatorlary bogdyhan ady bilen tutulypdyr. Ýagny hytaý imperatorlarynyñ atlandyrylyşy.
In reply to Rektor HGI

Re: Siziň sözlük goruňyza!

by Dawut Baýramow -
Salam mugallym!
Bogdyhan (Mong. Bogd Haan - Taňrynyň şasy, Taňrynyň seçip alnan, mukaddes hökümdary) - XVI-XVIII asyrlaryň rus harplarynda Ming neberesiniň (1368-1644) we irki Çingiň imperatorlaryny çagyrmak üçin ulanylýan söz.

Adyň rus gündelik durmuşynda peýda bolmagy, mongollaryň "Bogdo Han" adynyň Mançu imperatory Abahaýyň, hatda Mançlar Hytaýy basyp almazyndan ozal berilmegi bilen baglanyşyklydyr.
In reply to Rektor HGI

Re: Siziň sözlük goruňyza!

by Gunça Hamedowa -
Salam mugallym.
Hytaý imperatorlary özlerini 'bogdyhan' diýip atlandyrypdyrlar.