«Halkyň
Arkadagly zamanasy» atly şygar astynda geçýän 2022-nji ýylda ýurdumyzyň halkara
hyzmatdaşlygy barha giň we netijeli häsiýete eýe bolýar. Bu, ylaýta-da,
hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň abraýly halkara
guramalar, şol sanda BMG bilen strategik hyzmatdaşlygynda aýdyň görünýär. Dünýä
syýasatyna işjeň gatnaşmak, açyk we aýdyň daşary syýasy ugur, umumy
durnuklylygy we howpsuzlygy berkitmekde oňyn gepleşiklere hemmetaraplaýyn
ýardam bermek, şeýle hem sebitde we sebitara möçberde netijeli hyzmatdaşlygy
ösdürmek Türkmenistanyň global syýasy giňişlikdäki netijeli işlerini
kesgitleýän möhüm esaslar bolup durýar. Türkmenistan Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 77-nji mejlisine hem ýokary derejede
taýýarlyk görýär we Milletler Bileleşiginiň dykgatyna anyk teklipleriň we
garaýyşlaryň giň toplumyny hödürleýär.
Bitarap Türkmenistanyň Birleşen
Milletler Guramasy bilen ösdürýän oňyn hyzmatdaşlygy milli, sebit we ählumumy
bähbitlere laýyk gelmek bilen, ilkinji nobatda, parahatçylygy saklamak,
howpsuzlygy berkitmek we durnukly ösüşi üpjün etmek maksatlaryna gönükdirilendir.
Munuň özi halkara gün tertibinde duran strategik taýdan möhüm meseleler hem-de
wezipeler boýunça Birleşen Milletler Guramasy bilen maksatlaýyn gatnaşyklaryň
netijeli alnyp barylmagyny şertlendirýär. Türkmenistanyň BMG-niň belent
münberinden dünýä bileleşiginiň garamagyna yzygiderli hödürleýän halkara
başlangyçlarynyň we oňyn teklipleriniň esasynda häzirki zamanyň derwaýys
meselelerini çözmäge, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga
bilelikdäki tagallalary has-da artdyrmaga çagyryş bardyr.
Türkmenistanyň BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde ileri tutulýan garaýyşlarynyň düýp mazmuny
hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek ýaly
beýik maksatlara bagyşlanandyr. Däp bolan açyklyk, hoşniýetlilik ýörelgelerini
ýene bir gezek açyp görkezýän bu garaýyşlar döwletimiziň Milletler
Bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde häzirki zaman dünýä ösüşiniň wajyp
meselelerini bilelikde çözmäge çynlakaý, çuňňur we jogapkärli çemeleşýändigine
aýdyň şaýatlyk edýär. Bu işde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, şeýle
hem kömekçi edaralary bilen giň we köpugurly hyzmatdaşlyga daýanar.
Garaýyşlarda nygtalyşy ýaly,
halkara gatnaşyklar ulgamynda ýüze çykýan dürli meseleler boýunça dialogyň
binýadyny döretmek wezipesi ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy gazanmagyň
şertleriniň biri bolup durýar. Türkmenistan bu babatda döwletleriň
köptaraplaýyn, netijeli we deňhukukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns
berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Merkezi Aziýany parahatçylygyň,
ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň zolagy diýip yglan etmek hakynda 2022-nji ýylyň
28-nji iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamanyň
ähmiýetini belläp, bu resminamanyň düzgünnamalaryna esaslanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň
garamagyna 2025-nji ýyly «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýyly» diýip yglan etmek
baradaky teklibi hödürleýär. Şeýle hem Türkmenistan halkara gatnaşyklarda
ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek maksady bilen, BMG-niň Baş
Assambleýasynyň «Dialog — parahatçylygyň kepili» diýen Kararnamasynyň
taslamasyny işläp taýýarlamagyň başyny başlamagy göz öňünde tutýar.
Türkmenistanyň pikirine görä, şeýle resminamanyň kabul edilmegi arkaly BMG-ä
agza döwletleriň ählisiniň, näderejede çylşyrymlydygyna garamazdan,
gapma-garşylykly ýagdaýlary çözmegiň parahatçylykly, gepleşikler usulyna berk
we şübhesiz ygrarlydygy tassyklanylar.
Türkmenistan ählumumy parahatçylygy
we howpsuzlygy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasy
tarapyndan ykrar edilen Bitaraplyga, 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni
diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýa daýanyp, parahatçylygyň, howpsuzlygyň
we durnukly ösüşiň bähbidine BMG-niň meýdançasynda döredilen Bitaraplygyň
dostlarynyň toparyna gatnaşyjylaryň sanyny giňeltmek boýunça hyzmatdaşlary
bilen işjeň işleşmegi dowam etdirer.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň şu ýylyň 21-nji iýulynda
Gyrgyz Respublikasynda geçirilen dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda
gapma-garşylyklary aradan aýyrmakda, olary gepleşikler arkaly çözmek üçin
amatly şertleri döretmekde halkara tagallalary goldamagyň, sebitiň çäklerinde
we beýleki döwletler bilen bilelikde diplomatik gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň
maksadalaýykdygy barada nygtady. Döwlet Baştutanymyz, hususan-da, BMG-niň
Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi arkaly
öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallaryny ulanmagyň wajypdygyna ünsi çekmek
bilen, şu ýylyň güýzünde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler
ministrlikleriniň hem-de sebitleýin merkeziň ýolbaşçylarynyň derejesinde
geňeşmeleri geçirmek baradaky başlangyjy beýan etdi. Halkara gatnaşyklarda
özara ynanyşmak, birek-birege hormat goýmak esasyndaky dialogyň medeniýetine
eýermek aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar. Jogapkärli, gapma-garşylyksyz
çemeleşme, ol ýa-da beýleki meselelere garalanda, özara düşünişmek hem-de
bähbitleriň deňagramlylygyny saklamak üçin mümkinçilikleri gözlemegiň esasy
şertleriniň biri hökmünde çykyş edýär.
2022-nji ýyl Türkmenistan bilen
BMG-niň gatnaşyklarynda aýratyn şanly ýyldyr. Şu ýylyň 2-nji martynda
Türkmenistanyň BMG-ä doly hukukly agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi dabaraly
bellenilip geçildi. Şu ýylyň dekabr aýynda bolsa Aşgabatda Merkezi Aziýa üçin
öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegine 15 ýyl dolýar.
Bu senä häzirden giňden taýýarlyk görülýär. Häzirki zaman şertlerinde
parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde öňüni alyş diplomatiýasynyň
gurallaryna möhüm ähmiýet berilýändigini hem-de ýokarda agzalan wajyp senäni
nazara alyp, Türkmenistan Baş Assambleýanyň garamagyna merkeziň orny hakyndaky
nobatdaky Kararnamanyň taslamasyny hödürlemegi, bu resminamada soňky ýyllaryň
möhüm wakalaryny, şol sanda Merkezi Aziýany parahatçylygyň, ynanyşmagyň we
hyzmatdaşlygyň zolagy diýip yglan etmek bilen bagly wakany beýan etmegi göz
öňünde tutýar.
Türkmenistan netijeli ykdysady
hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça hem täze başlangyçlary öňe sürýär we olary
durmuşa geçirmekde BMG bilen, ilkinji nobatda, BMG-niň Ykdysady we Durmuş
geňeşi, Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça
Ykdysady we Durmuş komissiýasy ýaly möhüm düzümleri bilen ýola goýlan özara
gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýär.
Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň
ulag ministrleriniň derejesindäki «Aşgabat prosesi: arabaglanyşygy
pugtalandyrmak üçin maliýeleşdirmek» atly halkara maslahatyň geçirilmegi we
onuň oňyn netijeleri Türkmenistanyň kuwwatly diplomatik ädimleriniň barha
ynamly, aýgytly we giň gerimli häsiýete eýe bolýandygyny görkezdi. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler üçin bu strategik ulgamda täze halkara başlangyçlary öňe sürdi.
Şolaryň hatarynda BMG-niň howandarlygynda ýörite iş toparyny döretmek baradaky
başlangyç bar. Bu topar ulag ulgamynda deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň
bähbitlerini gorar we BMG-niň degişli düzümleri bilen yzygiderli iş alyp barar.
Şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
ýurtlaryň ählumumy ulag hyzmatdaşlygynyň ösüşinde we ony pugtalandyrmakda
ornuny ýokarlandyrmak hakyndaky Kararnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamak
baradaky teklip öňe sürüldi.
Aslynda, häzirki zamanyň ileri tutulýan
meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, olary çözmekde oňyn we işjeň garaýyşlar
özara düşünişmek we ynanyşmak, deňhukuklylyk, milli we umumy bähbitleri goramak
babatynda Türkmenistana dünýä ösüşine doly hukukly agza hökmünde gatnaşmaga we
ýokary abraýyny berkitmäge mümkinçilik berýär. Ýurtlaryň, sebitleriň we
yklymlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk köprülerini döredýän we gurýan
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň
arasynda ulag diplomatiýasy aýratyn orun tutýar we işjeň durmuşa geçirilýär. Bu
babatda Türkmenistanyň öňe sürýän garaýyşlary we halkara başlangyçlary sebit we
global ähmiýetli taslamalarda öz oňyn beýanyny tapýar. BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 77-nji mejlisinde ileri tutulýan ugurlar hem Türkmenistanyň
parahatçylygy saklamagyň, howpsuzlygy berkitmegiň, durnukly ösüşiň we ählumumy
abadançylygyň hatyrasyna gönükdirilen daşary syýasatynyň dünýä bileleşigi
tarapyndan goldanylýandygynyň we ykrar edilýändiginiň nobatdaky aýdyň
subutnamasydyr.
Begenç KARAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy.
"Türkmenistan", 26.08.2022
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/75947
(Редактировал(а) Rektor HGI - Friday, 26 August 2022, 08:55)