Site announcements

M.Nepesowyň makalasy. VI Hazar sammiti: täze başlangyçlar, oňyn teklipler

M.Nepesowyň makalasy. VI Hazar sammiti: täze başlangyçlar, oňyn teklipler

by Rektor HGI -
Number of replies: 0

VI Hazar sammiti: täze başlangyçlar, oňyn teklipler

9 sagat öň
9

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplyk derejesine esaslanýan oňyn daşary syýasatymyz dünýä halklary tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolýar. Bu günki gün Türkmenistan döwletimiz Ýer ýüzünde dost-doganlygyň mekany hökmünde tanalýar. 2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammiti hem muny aýdyňlygy bilen görkezdi.

«Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýlişi ýaly, sammitiň barşynda Arkadagly Serdarymyz daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň maslahatlaryny yzygiderli geçirmegi teklip etdi. Bu geçiriljek maslahatlaryň maksady bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary babatda pikir alyşmakdan ybarat bolup durýar. Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz sebitde telekeçiligi ösdürmek, bu ulgamyň mümkinçiliklerinden doly derejede peýdalanmak maksady bilen özbaşdak, döwlete dahylsyz ulgam hökmünde Hazarýaka ýurtlaryň işewür hyzmatdaşlygynyň Geňeşini, ysnyşykly hyzmatdaşlyk üçin binýady döretmegiň üstünde işlemek dogrusyndaky başlangyçlary öňe sürdi. Bu başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegi arkaly sebit telekeçiligini täze derejä çykarmaklyk göz öňüne tutulýar.

Sammitiň dowamynda Hazarýaka döwletleriň arasynda medeni hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek babatda hem birnäçe teklipler aýdyldy. Arkadagly Serdarymyzyň medeni hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak, medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky bäştaraplaýyn ylalaşygy işläp taýýarlamaga girişmek dogrusyndaky başlangyjy, Eýran Yslam Respublikasynyň Baştutanynyň geljekde bu ugurda bilelikdäki ýörite maksatnamalary durmuşa geçirmek babatyndaky teklibi dostlukly gatnaşyklaryň aýdyň geljeginiň kepili bolup çykyş etdi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti çykyşynyň dowamynda ähli kenarýaka ýurtlaryň milli buýsanjy bolan halyşynaslygy bir ýere jemlemek we olaryň göçme sergilerini ýa-da tutuş sebit boýunça festiwallary guramaklygy öňe sürdi. Öz gezeginde, Russiýanyň kinematografiýaçylar birleşigi Hazar kinoforumyny geçirmegi teklip edýär. Bu başlangyçlar Hazarýaka halklarynyň milli baýlyklaryny dünýä ýüzüne ýaýmaga ýardam eder.

Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyz Hazar deňziniň ulag-logistika ulgamynyň ähmiýetine ýokary baha berýär. Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň dowamynda Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňziniň «Mümkinçilikleriň deňzi» diýlip atlandyrylmagynyň hakykatdan daş däldigini belledi.

Çykyşynyň dowamynda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti hem geljegi uly «Demirgazyk — Günorta» geçelgesine mundan beýläk-de aýratyn üns bermegiň zerurdygyny nygtap, Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýolunyň mümkinçiliklerinden has giňişleýin peýdalanmagy teklip etdi hem-de Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň Sekretariatyny döretmäge we degişli resminamanyň taslamasyny ylalaşmaga degişli meseleleriň çözülmegini çaltlandyrmagyň zerurdygyny hem aýratyn belledi.

Söhbetdeşlikleriň dowamynda Prezidentler Hazar deňzinde harby iş babatda ynanyşmak çäreleri hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak boýunça gepleşikleri çaltlandyrmak barada durup geçdiler. Bu Ylalaşyk Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň ýörelgelerine laýyklykda, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge, harby ulgamda Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlyk etmeginiň kadalaryny hem-de düzgünlerini kesgitlemäge hyzmat eder. Bu bolsa parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň hatyrasyna maksatlaryň hem-de bähbitleriň bitewüliginiň geljekde has-da pugtalandyryljakdygyny şöhlelendirýär.

Meýlis NEPESOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

"Nesil" gazeti, 5.07.2022 // Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)