Site announcements

"Parahatçylygyň ýaş çaparlary" internet sahypalarynda

"Parahatçylygyň ýaş çaparlary" internet sahypalarynda

от Maya Çaryýewa -
Количество ответов: 0
"Parahatçylygyň ýaş çaparlary" ýeňijiler mälim boldy.salamnews.сom.2022-nji ýyl.18-nji iýun. çeşme: https://salamnews.tm/section/ylym-bilim/bilim/parahatcylygyn-yas-caparlary:-yenijiler-malim-boldy-2f2cf7 
makala

 Şu gün — 18-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebi tarapyndan ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda guralan «Parahatçylygyň ýaş çaparlary» akyl-paýhas bäsleşiginiň final oýny geçirildi. Geçen ýylda başy başlanan, orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda uly seslenme döreden bäsleşigiň aýgytlaýjy oýnunda gatnaşyjylar «Gahryman Arkadagymyzyň beýik taglymaty: «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly tema boýunça taýýarlanan sowallara jogap berdiler. Final oýnuna ýarym finalda üstünlik gazanan mekdep okuwçylarynyň 8-si gatnaşdy. Olaryň 6-sy paýtagtymyzdan, 2-si bolsa welaýatlardan bäsleşige gatnaşyjylardyr. Gyzgalaňly geçen bäsleşigiň final oýnunyň netijeleri boýunça ýeňijiler aşakdaky tertipde kesgitlendi: Baş baýrak hem-de Göçme kubok: Aşgabat şäherindäki dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Ýagşymyrat Öwezow. 1-nji ýer: Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Yhlas Hallyýew. 2-nji ýer: Mary welaýatynyň Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şasenem Meýlisowa; Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 11-nji synp okuwçysy Hojamyrat Baýlyýew. 3-nji ýer: Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Intizar Tagannyýazowa; Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdep-internatynyň 10-njy synp okuwçysy Nurana Hudaýberdiýewa; şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kadyrmyrat Öwezgylyjow; şol mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Kakageldi Akmyradow. Bäsleşigiň ýeňijileri, şeýle-de onuň ähli gatnaşyjylary Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mejlisler zalynda geçirilen dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de beýleki hemaýatkärleriň taýýarlan gymmat bahaly sowgatlary, guramaçy bolup çykyş edýän ýokary okuw mekdebiniň degişli şahadatnamalary we Hormat hatlary bilen sylaglandylar.