Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagymyzyň döredilmeginiň 30 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde geçen ýyllaryň içinde milli parlamentimizi kämilleşdirmek ugrunda bitirilen işleriň türkmen jemgyýetini, döwletimiziň syýasy ulgamyny we kanun çykaryjy edaralaryny nusgalyk derejä çykarandygy buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.
Häzirki döwürde ýurdumyzda geçirilýän özgertmeler halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan demokratik tejribesi we ýörelgeleri esasynda amala aşyrylýar. Şu ýylyň 11-nji fеwralynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň kanun çykaryjy ulgamynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň hukuk esaslaryny berkitmäge täze esaslaryň dörändigini belledi. Türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen egsilmez medeni-ruhy mirasy, durmuş tejribesi bar. Bu ýerde toplanan syýasy tejribäniň, ýol-ýörelgeleriň esasynda kämilleşýän türkmen demokratiýasy raýat jemgyýetiniň we hukuk döwletiniň gymmatlyklaryny özleşdirmäge hem-de ösdürmäge ukyplydygyny aýdyň görkezýär. Şeýle ukyplylygyň giňişleýin açylmagy jemgyýetiň häzirki özgerýän döwründe zerurdyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, her bir zada özümiz bolup düşünip, ata-babalaryň paýhasy bilen durmuşa akyl ýetirip, wakalary paýhasymyzda aňlap bilmelidiris.
2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen kararlara laýyklykda geçirilen konstitusion özgertmeler esasynda ýurdumyzda ösüşiň täze tapgyrynyň hukuk esaslaryny döretmäge girişildi.
Milli Liderimiz ýurdumyzda iki palataly parlamenti döretmek bilen bagly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça konstitusion topary döretmek we onuň düzümini tassyklamak hakynda Permana gol çekenden soňra, bu toparyň işjeň hereketi bilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasy taýýarlandy. Bu taslama Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylyp, doly makullanyldy we Mejlisiň garamagyna hödürlenildi. Mejlisiň maslahatynda deputatlar Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň makullan Konstitusion kanunyny ara alyp maslahatlaşyp, biragyzdan kabul edenlerinden soňra, milli Liderimiz «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanuna gol çekdi.
2020-nji ýylda şol Kanun esasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip, iki palataly parlament ulgamynyň işiniň hukuk esaslary döredildi. Esasy Kanunymyzyň we Saýlaw kodeksiniň täze düzgünlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary 2021-nji ýylyň 28-nji martynda üstünlikli geçirildi. Munuň özi ýurdumyzyň wekilçilikli we kanun çykaryjy edaralarynyň ösüşinde taryhy waka boldy.
Oýlanyşykly we yzygiderli işleriň netijesinde, Garaşsyz döwletimiziň kanun çykaryjy häkimiýetiniň alyp barýan işi hil taýdan täze derejä çykdy. Bu bolsa kabul edilýän kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berdi. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 19-njy martynda wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ygtyýarlyklaryny has-da kämilleşdireris» diýip belledi.
Kanun çykaryjy ulgamyň kämilleşmegi Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň şu ýylyň 11-nji fewralyndaky mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» göz öňünde tutulan ähli ugurlarda ösüşiň täze belentliklerine çykylmagy üçin gerek bolan hukuk esaslaryny döredýär. Şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşanda, biziň döwletimiziň täze döwürde ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde amal edilmeli meselelerini çözmegiň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek barada kesgitlän wezipeleri aýratyn ähmiýetlidir. Şonda ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary depginlerini gazanmakda zähmet kanunçylygynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekip, milli Liderimiz: «...adam öz zähmeti bilen maddy we ruhy gymmatlyklary döredip, jemgyýetiň ösmegine oňyn täsir edýär. Şoňa görä-de, her bir adamyň zähmet çekmäge hukugyny berjaý etmek we durmuşa geçirmek, ony hukuk taýdan üpjün etmek maksady bilen zähmet kanunçylygyny döwrüň talaplaryna laýyk getirmek üçin kämilleşdirmek zerur» diýip belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 14-nji aprelinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiren göçme mejlisinde Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada alnyp barylýan işler barada habar berende, Raýat, Zähmet kodeksleriniň rejelenen görnüşleriniň taslamasyny taýýarlamak bilen baglanyşykly işleriň alnyp barylýandygyny hem aýtdy. Kanunlary kämilleşdirmekde oba we şäher ilatynyň tekliplerini göz öňünde tutmak maksady bilen, Mejlisiň deputatlarynyň ýerlerde saýlawçylar bilen yzygiderli duşuşýandyklary barada hem habar berildi.
Döwlet Baştutanymyz saýlawçylar bilen aragatnaşyk saklamagyň deputatlaryň esasy wezipesidigini belläp, olaryň öz ygtyýarlyklaryndan netijeli peýdalanmalydyklaryny we saýlawçylaryň ýaş nesillerini terbiýelemäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz-nesihat etmäge gatnaşmalydyklaryny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň bu sargydy kanunçylygyň kämilleşmegi üçin hem wajypdyr. Çünki hukuk adamlaryň bilelikde ýaşaýan we hereket edýän, bähbitleriniň özara täsir edýän ýerinde döreýär. Şeýle täsirleriň yzygiderli bolanlygy sebäpli, olary kem-kemden sazlamagyň, biri-biriniň üstüni ýetirmegiň, özara täsirini göz öňünde tutmagyň düzgünleri işlenip düzülýär.
Umuman, kemala gelen iki palataly parlament tarapyndan alnyp barylýan işler gün-günden işjeňleşýär. Bu işiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňe sürlen beýik maksatlara amal etmek üçin gerek bolan kämil kanunçylyk binýadyny döretmek hem-de raýatlaryň syýasy medeniýetini ýokarlandyrmak bilen, olaryň eziz Diýarymyzy özgertmäge gönükdirilen geljekki işlerde öz orunlaryna eýe bolmaklary üçin ruhy taýdan has jebisleşmeklerini gazanmak bilen baglydyr.
Milli Liderimiz ruhy taýdan ýakynlaşýan adamlarda döreýän birleşdiriji güýji «paýhaslaryň sazlaşygy» diýip atlandyryp, şol güýje eýe bolan adamlaryň öňünden birek-birege garaşyp ýören ýaly, tiz süýji söhbetdeşlere we olaryň hususylyk dünýäsiniň umumylyga öwrülýändigini belläp, örän ähmiýetli netije çykarýar: «Jemgyýetiň jebisligi paýhasy, zehini, asyllylygy bilen ýakynlaşan adamlaryň gatnaşygyna baglydyr. Jemgyýetiň umumy derejesini hem şeýle sazlaşykly ýola goýlan gatnaşyklar kesgitleýär. Şeýle adamlaryň garaýyşlary, aň-düşünjesi, zehini, akyl-paýhasy öňegidijilikli häsiýete eýe bolup, sagdyn jemgyýetiň kemala gelmeginiň ruhy sütünleridir». Bu bolsa häzirki döwürde halkymyzyň sagdyn ýörelgelerine daýanýan, şu günki nesilleriň pähim-paýhasynyň, şol sanda syýasy medeniýetiniň ýokarlanmagy üçin täze esaslary döredýär. Diýmek, 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kabul eden kararlary bilen baglanyşykly çäreleriň ýurduň geljekki ösüş-özgerişi barada oýlanyşykly pikirleri öňe sürýän adamlaryň sanyny artdyrýandygyny we raýatlaryň hem, jemgyýetimiziň hem syýasy medeniýetiniň ýokarlanýandygyny, netijede, ýurtda sosial jebisligiň berkeýändigini aýdyň görkezýär.
Kanunçylygyň kämilleşmegi we adamlaryň syýasy işjeňliginiň ýokarlanmagy özara baglydyr. Bu gün, bir tarapdan, Türkmenistanyň Milli Geňeşi ýurdumyzda örän uly möçberli durmuş-ykdysady özgerişler döwründe jemgyýetimizde demokratiýanyň has giňden ýaýbaňlanmagyna täze esaslary döredýär. Ikinji tarapdan, demokratik ösüş kemala gelýän raýat jemgyýetiniň edaralarynyň we raýatlaryň syýasy taýdan işjeňleşmegine getirýär. Bu özgeriş türkmen jemgyýetinde her bir adamyň döredijilikli işlemegi hem-de netijeli zähmetiň esasynda ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagy üçin gerek bolan ukyp-başarnyga eýe bolmagyna täze esaslary döredýär.
Ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň täze tapgyrynda ynamly öňe barýar. Bu hem halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden — maslahatlaşyp ösüş ýollaryny kesgitlemek ýörelgesine eýerip, ýurdumyzyň senagat taýdan ösen ýurtlaryň hatarynda öz mynasyp ornuny eýeleýändiginiň, dünýä bileleşiginde ynsanperwer ýörelgelerini işjeň durmuşa geçirip, at-abraýynyň barha artýandygynyň güwäsidir.
Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)