Site announcements

«Türkmenistan» gazeti: döredijilik bäsleşikleri dowam edýär

«Türkmenistan» gazeti: döredijilik bäsleşikleri dowam edýär

by Rektor HGI -
Number of replies: 0

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasynyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda ýetilen şanly sepgitleri şöhlelendirmek, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatlarynda gazanylýan üstünlikleri giňden açyp görkezmek, şeýle-de «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly we şanly senelerimiz mynasybetli degişli ministrlikler hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde yglan eden döredijilik bäsleşikleriniň dowam edýändigini ýatladýarys.

«Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi» atly bäsleşik

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde bäsleşik yglan etdi. 

Bäsleşige hödürlenilýän işler many-mazmuna, takyk maglumatlara baý bolup, olarda türkmen tebigatynyň ajaýyp künjekleriniň ýylyň dürli möwsümlerine mahsus owadan keşbi, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň aýratynlyklary, şeýle-de heniz mälim bolmadyk ýa-da doly öwrenilmedik täsinlikleri beýan edilmelidir.

Bäsleşik 2022-nji ýylyň 20-nji maýyna çenli dowam eder hem-de Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öňüsyrasynda jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň diplomlary we ýadygärlik sowgatlary gowşurylar.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň röwşen ýoly» atly bäsleşik

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy beýik Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy, şeýle-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: ösüşiň röwşen ýoly» atly döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde (makalalarda we oçerklerde) Garaşsyz ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň ykdysady esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm strategik maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýan ägirt uly işleriň düýp mazmuny we ähmiýeti anyk mysallar arkaly açylyp görkezilmelidir. Ýurdumyzyň azyk, ýangyç-energetika we ulag-kommunikasiýa babatda gazanan garaşsyzlygy giňden beýan edilmelidir, ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sanly ulgama geçirmek, öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrmak, häzirki zaman kärhanalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işler beýan edilmelidir.

Bäsleşige hödürlenilýän mateiallar şu ýylyň 15-nji dekabryna çenli guramaçylyk topary tarapyndan hasaba alnyp, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda jemlener. Ýeňijilere Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň diplomlary we gymmat bahaly sowgatlary, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

«Arkadagly zamananyň bagtyýar nesilleri» atly bäsleşik

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli «Arkadagly zamananyň bagtyýar nesilleri» atly ýaş žurnalistleriň arasynda döredijilik bäsleşigini yglan etdi.

Bäsleşige hödürlenilýän eserlerde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda durmuşa geçirilýän beýik işler, şanly seneler mynasybetli ulanylmaga berilýän desgalar, hemişelik Bitaraplygymyzyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndaky orny, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti, olaryň many-mazmuny, gazanylýan üstünlikler anyk mysallar arkaly publisistik äheňde açylyp görkezilmelidir. Zähmet adamlary, jemgyýetiň öňdebaryjylary hakyndaky oçerkleriň, aýratyn ugurlar boýunça taýýarlanylýan söhbetdeşlikleriň, makalalaryň täsirli, maglumatlara baý, diliniň çeper we şireli bolmagy hökmanydyr.

Bäsleşige hödürlenilýän işler şu ýylyň 10-njy sentýabryna çenli kabul ediler. Olara döredijilik işgärlerinden düzülen eminler topary baha berer.

Bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda jemlener. Ýeňijilere Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň diplomlary we  sowgatlary, tapawutlanan eserleriň awtorlaryna bolsa höweslendiriji baýraklar gowşurylar.

***

Bäsleşiklere hödürlenilýän işler elektron nusgada «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasyna (Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany) ýa-da elektron poçtasyna (turkmenistan-gazeti@online.tm) degişli bäsleşigiň ady bilen ugradylmalydyr. Olaryň arasyndan iň gowulary saýlanyp-seçilip gazetde çap ediler. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler redaksiýa ugradýan eserlerine özleri baradaky maglumatlary (işleýän ýa-da ýaşaýan ýeriniň salgysy, telefon belgisi) hem goşmalydyrlar.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 39-95-67.

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryny agzalan bäsleşiklere işjeň gatnaşmaga çagyrýarys!

Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)