BAÝRAM HAN TÜRKMENE BAGYŞLANÝAR
Ýurt tutunsaň, saýlap alan mesgeniň,
Ýa Söýünhan, ýa-da Hindistan bolsun!
Namartlygy ret eden türkmenim,
Orta çykan ogluň Baýram han bolsun!
Işleriň rowaç, işleriň şowly,
Şygyrlar ýazypsyň kirletmän göwni,
Hem türkmeniň, hemem hindiniň ogly,
Täze müňýyllyklar saňa şan bolsun!
Namalaryň ýagşy kelama deňdir,
Hindiň asmanynda owaza deňdir,
Halklaryň söýgüsi ummana deňdir —
«Saýatly-Hemra» deý bir dessan bolsun!
Dost öýüne dostlugyny bildiren,
Wepadarlyk bilen özün aldyran,
Dutaryň gulagna bilbil gonduran,
Ýoluň dowam, ýene, goý, dowam bolsun!
Ady taryh bolup galýar alplaryň,
Ili-ýurdy arkalydyr mertleriň,
Altyn asyrynda beýik türkmeniň
Baş ýoldaşy: dutar bilen nan bolsun!
Göwnüm joşup derejeli toýlardan,
Nazaryň eglenen ýurdy aýlansam,
Baýram han Türkmene Jütdi Baýramdan —
Şu dogaýy sözler ýadygär bolsun!