Site announcements

Maksat Garýagdyýew. HŽF-niň SK we IŽ hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

Maksat Garýagdyýew. HŽF-niň SK we IŽ hünäriniň 2-nji ýyl talyby.

от Maya Çaryýewa -
Количество ответов: 0

PARS AÝLAGYNYŇ SEBITDÄKI YKDYSADY ORNY



Pars aýlagy, Oman deňziniň boýunda we Eýran bilen Arap ýarym adasynyň arasynda ýerleşýän Günbatar Aziýada we Orta Gündogar sebitinde möhüm deňiz ýoludyr. Pars aýlagynyň meýdany takmynan 237,473 inedördül kilometre, uzynlygy 900 kilometre, ortaça ini 250 kilometre deňdir. Ol Meksika aýlagyndan we Hudson aýlagyndan soň dünýäde üçünji uly aýlagdyr.  Pars aýlagy gündogardan Ormuz bogazyndan we Oman deňzinden Hindi ummanyna we Arap deňzine çykýar we günbatarda “Şatt al-Arab” derýasyna ýagny “Arap kenary”-nda tamamlanýar.

Pars aýlagynyň iň çuň ýerinde 90 metr töweregi. Onuň töwereginde sekiz ýurt bar. Olar  Eýran Yslam RespublikasyOmanYrak, Saud Arabystan, KuweýtBirleşen Arap EmirlikleriKatar we Bahreýn ýurtlarydyr. Pars aýlagynyň demirgazyk kenarlary Eýran Yslam Respublikasynyň  syýasy geografiýasynda  ýerleşýär. Pars aýlagynda we onuň kenarlarynda nebit we gaz baýlyklarynyň köplügi sebäpli bu deňiz ýoly halkara derejesinde möhüm we strategiki sebit hasaplanýar.

Pars aýlagynyň ykdysadyýetdäki ähmiýeti

Geçen asyryň dowamynda Pars aýlagy ykdysady meseleler nukdaýnazaryndan, aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Pars aýlagynyň kenaryndaky ýurtlarda ägirt uly nebit we gaz baýlyklarynyň bolmagy, bu sebitiň ykdysady ähmiýetiniň asyl sebäbi.  Diňe Pars aýlagynyň günortasyndaky arap ýurtlarynda dünýäde bilinýän nebit gorlarynyň ýarysyndan gowragy ýerleşýär.

Bu sebitiň amatly söwda şertleri sebäpli Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky aragatnaşyk ýoly hökmünde möhüm ähmiýete eýe boldy.

Pars aýlagynyň ýene bir ähmiýeti bu sebitde we Pars aýlagy bilen serhetleşýän ýurtlarda baý mineral we azyk baýlyklarynyň bolmagy bilen baglanyşykly.  Bu sebitde balyklaryň köp görnüşi, şeýle hem demir, gyzyl toýun, kükürt, gurşun we ş.m. ýaly mineral baýlyklar bar.

Nebit baýlyklary

Pars aýlagynyň ähmiýetiniň we gymmatynyň günsaýyn artmagynyň sebäbi, sebitde bol nebit baýlyklarynyň bolmagy bilen baglanyşyklydyr. Pars aýlagynyň düýbünde köp nebit baýlygy bar, olaryň köp bölegi häzirki wagtda ulanylýar.

Pars aýlagynyň nebitiniň aşakdaky artykmaçlyklary bar:

  1. Çeşmeleriň bollygy (dünýäde belli nebit gorlarynyň altmyş dört göterimi Pars aýlagynyň ýurtlarynda ýerleşýär).
  2. Gazyp almak aňsatlygy.
  3. Önümçiligiň arzan bahasy.
  4. Artykmaç önümçilik kuwwaty.
  5. Önümi daşamakdaky ýeňilliklaer we - guýularyň ýokary önümçilik kuwwaty (Pars aýlagyndaky her bir nebit guýusyndan nebit çykarmak ýylda 250 000 tonna bolup biler, Amerikada bolsa önümçilik görkezijisi ýylda 1000 tonna).
  6. Dünýäniň beýleki sebitleri bilen deňeşdirilende bu sebitde ägirt uly ätiýaçlyk gorlaryny tapmak mümkinçiligi.
  7.  Dünýäde iň uly nebit öndürijiler bolan Kuweýt, Eýran, Yrak, Saud Arabystan, Katar we BAE ýaly ýurtlaryň nebit baýlyklary bu aýlagyň kenarynda ýerleşýär.

Gaz çeşmeleri

Pars aýlagynyň kenarynda ýerleşýän ýurtlar nebit öndürmekden başga-da köp mukdarda gaz öndürýär. 1985-nji ýylda Pars aýlagynyň ýurtlary dünýädäki gaz gorlarynyň 27,5 göterimine eýe boldy.

Öndürilen gazlaryň käbiri elektrik öndürmek, ýangyç arassalamak, suwy arassalamak we dökün öndürmek üçin ulanylýar, ýöne öndürilen gazlaryň azyndan 34% -i ýakylýar we ýok edilýär.

Maksat GARÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň Syýasy kommunikasiýa we internet žurnalistikasy hünäriniň II ýyl talyby.

https://tyy-news.gov.tm/post/541/pars-aylagynyn-sebitdaki-ykdysady-orny
"Türkmeniň ýüpek ýoly" saýty.