Site announcements

Watançylyk, söze ygrarlylyk, wepalylyk

Watançylyk, söze ygrarlylyk, wepalylyk

by Kerim Ýowbagşyýew -
Number of replies: 0

18-nji fewralda ýurdumyzda giňden dabaralandyrylan Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni «diplomatiýa» atly iňňän çylşyrymly hem jogapkärçilikli hünäri ömrüniň manysyna öwren, bu ugurda köp ýyllaryň dowamynda halal zähmet çekip, görelde görkezýän türkmen diplomatlary üçin goşa baýrama öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, olaryň birnäçesi «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy. Biz hem milli diplomatik gullugyň weteranlarynyň, halypa diplomatlaryň käbiriniň buýsançly ýürek sözlerini okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Amangeldi RAHMANOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň kafedra müdiri, uly mugallym, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň eýesi:

— Meniň zähmetime uly baha berip, ýokary döwlet sylagy — «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandygy üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygymy bildirýärin. Şunuň bilen birlikde, men özümiň halkymyzyň, Watanymyzyň, döwlet Baştutanymyzyň öňündäki borjumy ýerine ýetirýändigimi aýtmak isleýärin. Bu sylagy diňe bir maňa däl, tutuş türkmen diplomatiýasyna, türkmen diplomatlarynyň alyp barýan işine berlen ýokary baha hökmünde kabul edýärin.

Men 80 ýaşa golaýlan ömrümiň ýarym asyrdan gowragyny halkara gatnaşyklara, daşary syýasata we diplomatik işe bagyşladym. 16 ýyllap Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ýolbaşçy wezipelerde işläp, 14 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Koreýa Respublikasynda Watanymyza wekilçilik etdim. Häzirki wagtda bolsa 2008-nji ýylda Milli Liderimiziň başlangyjy esasynda açylan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda geljekki diplomatlara, halkara hukukçylardyr ykdysatçylara, žurnalistlere sapak berýärin. Men bu gün iň ýokary diplomatik wezipä we derejä eýe bolan ilçilerdir ylymlaryň kandidatlary, doktorlary, döwlet işgärleri bolup ýetişen şägirtlerimiň ýüzlerçesine çyn ýüregimden guwanyp ýaşaýaryn. Olar özleriniň hünär başarnyklary, akyl-parasatlary bilen hormatly Prezidentimiziň tutanýerli daşary syýasat strategiýasynyň amala aşyrylmagyna, ýurdumyzyň maddy, ruhy we intellektual kuwwatynyň baýlaşdyrylmagyna goşant goşmak ugrunda halal zähmet çekýärler. Çünki hakyky watançylar, diplomatlar üçin dünýäde öz Watanynyň bähbitlerini goramakdan gymmatly zat ýok.

Pursatdan peýdalanyp, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýlip ykrar edilen hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, abadançylyk, halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikler arzuw edýärin.

Çary NYÝAZOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dosenti, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň eýesi:

— Diplomatiýa döwletiň daşary syýasatyny durmuşa geçirmegiň sungatydyr. Ol, esasan, iki görnüşde amal edilip bilner. Şolaryň birinjisi ynandyrmak, ylalaşmak arkaly öz maksadyna ýetýär. Şunda, ilkinji nobatda, sözüň kömegi bilen jedelli meseleleriň, gapma-garşylyklaryň öňüni almak göz öňünde tutulýar. Munuň özi islendik diplomatyň her günki adaty işi bolup durýar. Häzirki zaman dünýäsinde ähli zat her pursatda özgerip hem üýtgäp durýar. Şol üýtgeşmeleriň esasy ugurlaryny öňünden çaklap, olary yzarlap durmak bolsa diplomatik işiň ikinji bir görnüşidir. Bir döwlet ýa-da döwletleriň birnäçesi jemlenip, bolup geçýän özgerişleri özleri üçin bähbitli akyma ugrukdyrmagyň ýollaryny gözleýärler. Oňa bolsa diplomatiýada «dialog» diýilýär. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, dialog — parahatçylygyň kepili. Bu filosofiýa indi birnäçe ýyldan bäri Türkmenistanyň daşary syýasatynyň «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň logiki dowamyna öwrüldi. Häzirki wagtda türkmen diplomatlary halkara gatnaşyklarda bu filosofiýany ilerletmegiň üstünde işleýärler.

Men 2018-nji ýylyň dekabryndan bäri geljekki diplomatlary taýýarlaýan ýokary okuw mekdebinde zähmet çekýärin. Şunda biz talyplary parahatçylygyň kepiliniň dialogdadygyny görkezýän, açyk diplomatiýanyň ýörelgeleri esasynda taýýarlamak nukdaýnazaryndan ugur alýarys. Häzir diplomatiýa ozalkylardan düýpgöter üýtgedi, indi ol köpçülik üçin açyk häsiýete eýe bolup, parlamentler bilen ysnyşykly gatnaşykda hereket edýär. Ýene-de bir üns çekilmeli ýagdaý hem halkara gatnaşyklarda köptaraplaýyn diplomatiýanyň has giňden ykrar edilip başlanmagydyr. Munuň özi soňky wagtlarda adamzady tolgundyrýan ählumumy meseleleriň çözgüdini bir ýa iki döwlet bolup däl, eýsem, bilelikde, köpçülik bolup gözlemegiň ýiti zerurlyga öwrülendigi bilen baglanyşyklydyr.

Diplomatik işgärleriň hünär baýramçylygynyň bellenilen gününde hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanan pursadymda ömrümiň diplomatik işe bagyşlanan ýyllary birin-birin göz öňümden geçdi, dogrusy. Men heniz soýuz döwründe Fransiýada diplomatik wezipä bellenildim we 3-4 ýyl arakesme bilen jemi 23 ýyllap Türkmenistanyň Fransiýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bolup zähmet çekdim. Galyberse-de, iki ýarym ýyldan gowrak Hindistan Respublikasynda wekilçilik etdim, daşary işler ministriniň birinji orunbasary wezipesinde işledim. Aslynda, daşary ýurtlar bilen tanyşlygym 1978 — 1982-nji ýyllarda Mali Respublikasynyň Milli inženerçilik institutynda professor bolup işlän döwrümde başlanypdy diýsemem bolar. Hut şol ýyllarda-da Maliniň paýtagty Bomako bilen Aşgabat doganlaşan şäherler diýlip ykrar edilipdi. Ömrümiň çärýek asyrdan gowrak ýylynda diplomat hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistana gulluk etmek bagtynyň miýesser edendigine çäksiz buýsanýaryn.

Çynar RUSTEMOWA,

ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň eýesi:

— Çekýän zähmetine, alyp barýan işine döwlet tarapyndan ýokary baha berlende, ynsan aýratyn duýgyny başdan geçirýär. Şeýle pursatlarda her gezek adamyň gadyry bilinýän, onuň hukuklarynyň goralýan ýurdunda dünýä inendigime çäksiz buýsanýaryn. Şeýle bagtly pursatlar öňküdenem höwesli, hyjuwly işlemäge ruhlandyrýar. Munuň özi ýene-de döretmek üçin, işiňde ýokary netijeleri gazanmak üçin möhüm ädim hem ruhlandyryjy çeşme bolup hyzmat edýär. Şu ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl dolýar. Bu ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň işgärleri üçin şanly sene. Türkmen diplomatlarynyň hünär baýramçylygynyň giňden dabaralandyrylan gününde bolsa ýurdumyzyň halypa diplomatlarynyň hatarynda maňa-da «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany gowşuryldy. Bu ýokary döwlet sylagy bilen sylaglanan pursatlarymyz biziň başymyzy göge ýetirip, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşallygymyzy has-da artdyrdy. Ol diňe bir meniň çeken zähmetime däl, eýsem, Garaşsyzlyk ýyllarynyň türkmen diplomatiýasyna, onuň gazananlaryna berlen ýokary bahadyr.

Häzirki wagtda milli diplomatiýamyz belent sepgitlere ýetýär, ýurdumyz bilen hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän döwletleriň sany barha artýar. Hoşniýetli goňşuçylygy berkitmek, birek-biregi hormatlamak, şol bir wagtda-da milli bähbitleri goramak, onuň esasynda anyk netijeleri gazanmak ýaly işlerde bolsa «ýumşak diplomatiýa» diýlip atlandyrylýan medeni diplomatiýa möhüm orun degişlidir. Bu gün biz türkmen diplomatiýasynyň bu ugrunda ýetilen sepgitleri iş ýüzünde aýdyň görýäris. Munuň şeýledigine geçen ýylyň ahyrynda Marokko Patyşalygynyň Rabat şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 17-nji mejlisinde Türkmenistanyň teklibi boýunça türkmen keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, golaýda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralarynyň açylmagy hem doly güwä geçýär. Häzirki wagtda-da ahalteke atçylygyny we türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungatyny Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşmak bilen baglanyşykly hödürnamalary taýýarlamak boýunça işler alnyp barylýar.

Türkmen diplomatiýasy diýlende, ilkinji nobatda, daşary ýurtlarda döwletimiziň adyndan wekilçilik edýän ilçilerdir diplomatlar göz öňüňe gelýär. Bu ugurda ençeme ýyllap zähmet çeken adam hökmünde türkmen diplomatlary, olaryň gulluk we ýaşaýyş-durmuşy, maşgala agzalary üçin döredilýän mümkinçilikleriň örän ýokary derejededigini aýratyn nygtamak isleýärin. Bu bolsa «Türkmenistan» atly beýik döwletiň diplomatydygyňa buýsanjyňy has-da artdyrýar. Bize şeýle bagty miýesser eden Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz tükeniksizdir. Türkmen diplomatiýasynyň uly geljegi bar. Muny biz ynamly aýdyp bilýäris. Goý, Bitarap Türkmenistany dünýäde başlany oňlanylýan, sözi diňlenilýän ýurda öwürmek ugrunda alnyp barylýan işler mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

Ýazga geçiren Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Çeşme şu ýerden alnan:
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/94975