Site announcements

Atamyrat Bekçiýew. HŽF-niň Syýasy kommunikasiýa we inretnet žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby. "Adalat" gazeti. 27.01.2023ý.

Atamyrat Bekçiýew. HŽF-niň Syýasy kommunikasiýa we inretnet žurnalistikasy hünäriniň 2-nji ýyl talyby. "Adalat" gazeti. 27.01.2023ý.

от Maya Çaryýewa -
Количество ответов: 0

 Döwrebap ösüşiň güýji-kuwwaty

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary bilen 2023-nji ýylyň şygarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi ähli halkymyzy, şol sanda türkmen ýaşlarynyň gursaklaryny buýsanç, geljege bolan uly ynam duýgusy bilen gurşap aldy. Çünki Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişen ilkinji pursatlaryndan başlap Arkadagly Serdarymyzyň biz ýaşlary aýratyn alada we goldaw bilen gurşap almagy, ýurdumyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň hemişe üns merkezinde saklanylmagy we netijede üstünlikli durmuşa geçirilmegi, ýaşlaryň döwrebap ösüşini nazarlaýan kämil hukuk binýadynyň üpjün edilmegi hemmelere mälim hakykatdyr. Hormatly Prezidentimiziň 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys. Bagtyýar ýaşlarymyz halk hojalygynyň dürli pudaklarynda milli hem-de döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm başlangyçlary öňe sürýärler. Ylym-bilim, telekeçilik we jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanyp, ykdysadyýetimizi ösdürmäge işjeň gatnaşýarlar» diýip nygtamagy, ýaşlaryň türkmen jemgyýetindäki ornuny aýdyň kesgitleýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 40-njy maddasynda berkidilen: «Döwlet ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagy üçin şertleri döredýär we olaryň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär» diýen kadadan gözbaş alýan «Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021—2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýaşlaryň hemişe döwletimiziň goldawyndadygyny, olaryň jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin zerur syýasy-hukuk, maddy-üpjünçilik şertleriniň döredilendigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Agzalan Kanun ýurdumyzda ýaşlaryň durmuş-ykdysady taýdan goldanylmagy we bu ugurda ýeňillikleriň göz öňünde tutulmagy, olaryň başlangyçlarynyň, önümçilikde ýaşlaryň kärhanalarynyň, ýaşlaryň telekeçiliginiň ileri tutulmagy ýaly belent maksatlara gönükdirilmegi bilen, ýaşlaryň türkmen jemgyýetiniň işjeň düzümi hökmünde berkidilmeginiň kämil hukuk binýadyny özünde jemleýär. Şeýle hem Arkadagly Serdarymyzyň geçen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 23-nji sentýabrynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýaşlaryň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilen «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Karara gol çekmegi ýurdumyzda ýaş maşgalalara 20 müň manada çenli ýeňillikli karz serişdeleriniň berilmeginiň hukuk esaslaryny berkitdi. Bularyň ählisi işewür, döwrebap pikirlenýän, filosofik medeniýete eýe, watançy, özüne ynamly, ýagdaýlara baha bermegi we öz-özüni çäklendirmegi başarýan, halal zähmet çekýän şahsyýetleriň ýetişmegine döwletimiz tarapyndan berilýän goldawlaryň toplumlaýyn häsiýetini beýan edýär. Bagtyýar ýurdumyzda nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrundaky aladalar ýaşlar barada döwlet syýasatynyň toplumlaýyn we netijeli häsiýetinde aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa, biz ýaşlaryň ertirki gününe bolan uly ynamyny berkidýär, döredijilikli zähmete ugrukdyrýar. Kalby hyjuwly ýaşlaryň döredijilikli zähmeti adam, jemgyýet, döwlet sazlaşygyny emele getirýär. 

(Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň Altyn Asyry" atly bäsleşigine)

Atamyrat BEKÇIÝEW, 

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.