Site announcements

2023-nji ýyl "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýyly!

2023-nji ýyl "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar" ýyly!

от Okuw Prorektor -
Количество ответов: 0

Ýetip gelýän täze 2023-nji ýylyň nyşanyň şekili tegelek zemin şeklinde bolup, onda täze dogup gelýän Günüň şöhlesi, bütin jahana we Garaşsyz, Bitarap, berkarar döwletimiziň asudalygyny we bagtyýarlygyny aňladýan Türkmenistanyň kartasyna ýalkym saçýar.

Ýaşyllygy ösüşi, özgerişi we bahar paslyny alamatlandyryp, ol halkymyzyň bagtyýarlyk zamanasyny şöhlelendirýär. Kartanyň ýokarysynda guşuň keşbini hem-de ýaşajyk pyntyjagy ýatladýan şekil ýerleşdirilendir. Ol bolsa, Türkmenistany öňe sary alyp gitjek ýaşlarymyzyň watançylyk duýgularynyň mysaly hökmünde suratlandyrylýar.

Gyzyl, ýaşyl, sary, melewşe, gök reňklerdäki älemgoşar öwüşginli gül ýaprajyklarynda ýurdumyzyň bäş welaýatynyň haly gölleri ýerleşdirilip, ol tükrmen halkynyň jebisliginiň manysyny berýär. Nyşanyň aşagynda 2023 diýen ýazgy we onuň taraplarynda ösüp gelýän ýaşajyk pyntykly şahalary görmek bolýar.  Bu bolsa, 2023-nji ýylda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaşlara uly ähmiýet beriljekdiginiň alamaty hökmünde beýan edilýär.

Hormatly talyp ýaşlar! 
Size bildirilýän ynamyň ýokary derejededigini ýene bir gezek göz ýetirdiňiz. Şol sebäpli, Siziň okuwa bolan hyjuwyňyz, ata Watanymyza, Hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza, bolan söýgüňiz artyp, saýlap-seçip alan hünäriňiziň hakyky eýesi bolup ýetişmegiňizi, daşary ýurt dillerini suwara bilmegiňizi, lebzi halal, edepli-tertipli, göreldeli, ilhalar ýaşlar bolmagyňyzy arzuw edýärin! "Yhlasa - myratdygyny"hiç wagt unutmaň! 

TÄZE ÝYLYŇYZ GUTLY BOLSUN!


Приложение Скриншот 30-12-2022 082346.jpg