Site announcements

SPORTUŇ GANDBOL GÖRNÜŞI BOÝUNÇA ÝOLDAŞLYK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

SPORTUŇ GANDBOL GÖRNÜŞI BOÝUNÇA ÝOLDAŞLYK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

от HGI STUDIÝA -
Количество ответов: 0

2022-nji ýylyň 12-nji noýabrynda “Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” ady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda sportuň gandbol görnüşi boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Gyzgalaňly geçirilen bu duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary özara bäsleşdiler. Duşuşygyň esasy maksady, ýurdumyzda sportuň gandbol görnüşini ösdürmek we ýaşlaryň bu sporta bolan höwesini artdyrmakdan ybarat bolan bu ýoldaşlyk duşuşyklaryň dowamynda talyplar öz ukyp-başarnyklaryny artdyrdylar we ýokary okuw jaýlarynyň arasynda geçiriljek ýaryşlara taýýarlyk gördüler.