2022-nji ýylyň 12-nji noýabrynda “Türkmenistan
– ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” ady bilen Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda sportuň
gandbol görnüşi boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi. Gyzgalaňly geçirilen bu
duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary
institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň we Türkmen
döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary özara bäsleşdiler.
Duşuşygyň esasy maksady, ýurdumyzda sportuň gandbol görnüşini ösdürmek we
ýaşlaryň bu sporta bolan höwesini artdyrmakdan ybarat bolan bu ýoldaşlyk
duşuşyklaryň dowamynda talyplar öz ukyp-başarnyklaryny artdyrdylar we ýokary
okuw jaýlarynyň arasynda geçiriljek ýaryşlara taýýarlyk gördüler.