Site announcements

Söz manysyn biler bolsaň...

Re: Söz manysyn biler bolsaň...

by Aýnabat Nazarowa -
Number of replies: 0
Bu sowalymyza Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby Bägül Merdanowa, Halkara hukugy fakultetiniň I ýyl talyby Kadyrberdi Oramedow dogry jogap bermegi başardylar. Berekella, talyplar!

Güftar - söz, kelam diýmegi aňladýar. Nusgawy şahyrymyzyň "Aýryldym" atly şygrynda şeýle setirler bar:

Aýryldym gunça-gülümden,
Syýa saçy sünbülimden,
Hoş owazly bilbilimden,
Şirin güftardan aýryldym.