Bu sowala 104-nji (B) toparyň talyby Aýläle Hemranazarowa, 204 (B) toparyň talyby Maksat Garýagdyýew dogry jogap berdiler. Berekella, žurnalistler!
Magtymguly Pyragynyň "Turgul" diýdiler şygrynda şeýle setirler bar:
Nazarym ýetişgeç şol dört merdana,
Köňlüm joşa geldi, başym-gerdana,
Şol wagtda bar idi iki diwana,
”Durma, oglan, onda bargyl!” diýdiler.
Ýokarky goşgy setirlerinden görnüşi ýaly "gerdan" sözi aýlanýan, öwrülýän, dolanyş diýlen manylary aňladýar.

Berekella Aýnabat Nowbatowna!
Talyplar bilen akyldar Magtymgulynyň döredijiligine içgin düşünmek üçin sanly ulgamy ulanyp, olar bilen göni söhbetdeşlige girişmek başlangyjyňyzy goldaýaryn. Bu täzelik barada TW ýörite geleşik gurnamagy tabşyrýaryn. (Редактировал(а) Rektor HGI - Thursday, 27 October 2022, 07:48)