Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda gabat gelýän "gerdan" sözi nähili manylary aňladýar?
Salam mugallym. Meniň pikirimçe «Gerdan» sözi «Döwür, wagt, zaman, eýýam» manylary aňladýar.
Salam, Sona, jogabyňyz nädogry!
Salam mugallym. Meniň pikirimçe, "gerdan" sözi "boýun, adamyň boýny" diýen manyny aňladýar. Käbir köne türkmen edebi çeşmelerinde boýuna dakylýan şaý-sepleri "gerdanlyk" diýip atlandyrylyşyna duş gelipdim.
Salam mugallym.Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde "gerdan" sözi "gerdiş-gerdan " diýlip tirkeş söz hökmünde getirilýär.Ol käbir ýerlerde "wagt,zaman, eýýam " diýen manyny aňlatsa beýleki manysy " aýlanyş, hereket, dolanma "ýaly manylary berýär.
Salam mugallym "gerdan" sözi "گردن" diýen pars dilinden alynyp "boýun" diýmegi aňladýar.
Salam mugallym "gerdan" sözi aýlanmak, togalak diýmegi aňladýar.
Bu sowala 104-nji (B) toparyň talyby Aýläle Hemranazarowa, 204 (B) toparyň talyby Maksat Garýagdyýew dogry jogap berdiler. Berekella, žurnalistler!
Magtymguly Pyragynyň "Turgul" diýdiler şygrynda şeýle setirler bar:
Nazarym ýetişgeç şol dört merdana,
Köňlüm joşa geldi, başym-gerdana,
Şol wagtda bar idi iki diwana,
”Durma, oglan, onda bargyl!” diýdiler.
Ýokarky goşgy setirlerinden görnüşi ýaly "gerdan" sözi aýlanýan, öwrülýän, dolanyş diýlen manylary aňladýar.
Magtymguly Pyragynyň "Turgul" diýdiler şygrynda şeýle setirler bar:
Nazarym ýetişgeç şol dört merdana,
Köňlüm joşa geldi, başym-gerdana,
Şol wagtda bar idi iki diwana,
”Durma, oglan, onda bargyl!” diýdiler.
Ýokarky goşgy setirlerinden görnüşi ýaly "gerdan" sözi aýlanýan, öwrülýän, dolanyş diýlen manylary aňladýar.
Berekella Aýnabat Nowbatowna!
Talyplar bilen akyldar Magtymgulynyň döredijiligine içgin düşünmek üçin sanly ulgamy ulanyp, olar bilen göni söhbetdeşlige girişmek başlangyjyňyzy goldaýaryn. Bu täzelik barada TW ýörite geleşik gurnamagy tabşyrýaryn. (Редактировал(а) Rektor HGI - Thursday, 27 October 2022, 07:48)