Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty, gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy we umumadamzat gymmatlyklary” atly ylmy makalalar ýygyndysyny çapa taýýarlamagy meýilleşdirýär.
Ylmy makalalar ýygyndysyna ylmy işlerini çapa hödürlemäge isleg bildirýän mugallymlaryň, aspirantlaryň, dalaşgärleriň makalalaryny 2022-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli institutyň Aspirantura bölümine tabşyrmagyňyzy haýyş edýäris.
YLMY MAKALALAR ÝYGYNDYSYNA BILDIRILÝÄN ŞERTLER
Makalalar ýygyndysynda:
1. Magtymguly Pyragynyň eserleriniň umumadamzat siwilizasiýasyndaky orny;
2. Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi;
3. Magtymguly Pyragynyň goşgulary - çeper diliň egsilmez çeşmesi;
4. Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýä dillerinde dabaralanmasy;
5. Magtymguly Pyragynyň - edep-terbiýe mekdebi;
6. Magtymguly Pyragynyň eserlerinde ylmy dünýägaraýşyň çeper şöhlelenişi.
Ýokarda agzalan ugurlar boýunça professor-mugallymlaryň, alymlaryň, doktorantlaryň we aspirantlaryň ýerine ýetiren ylmy işleriniň netijeleri bilen baglanyşykly makalalaryň ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulýar.
MAKALANYŇ ÝAZYLYŞYNA UMUMY TALAPLAR:
1. Makalanyň göwrümi A4 ölçegli kagyzda 3-5 sahypa çenli bolmaly,
2. Makala türkmen dilinde taýýarlanylmaly we ýazmaça hem-de elektron (CD disk) görnüşde hödürlenilmeli.
3. Makala Times New Roman şriftinde taýýarlanylmaly, onda şular doly görkezilmelidir:
· awtoryň ady we familiýasy (doly), wekilçilik edýän guramasynyň ady,wezipesi, alymlyk derejesi, sahypanyň merkezine düzülen 14 pt şriftde;
· makalanyň ady – baş harplar bilen ýazylýar şrift 16 pt, goýy, sahypanyň merkezine düzülen bolmaly;
· makalada awtordaş 1-den artyk bolmaly däl.
4. Makalanyň esasy mazmuny 14pt şrift bilen ýazylýar we sahypanyň inine deňleşdirilýär. Setir aralary 1 bolmaly. Sahypanyň. gyralary: ýokarky we aşaky tarapy - 2,0 sm, çepi - 2,5 sm, sagy - 1,5 sm bolmaly;
5. Peýdalanylan edebiýatlaryň sanawynda diňe tekstde görkezilen edebiýatlar bolmaly hem-de elipbiý tertibinde yzygider görkezilmeli we salgylanmalar kwadrat ýaýlarda ýazylmaly: [1], [2], [3-5].
6. Makalanyň ýany bilen Alymlar Geňeşiniň mejlisiniň beýanynyň göçürmesi gerek.
7. Guramaçylyk toparynyň karary boýunça makalalar kabul edilmän bilner.
8. Kabul edilen resminamalar yzyna gaýtarylmaýar.