Site announcements

Türkmen mediasy: parahatçylyga we agzybirlige çagyryş

Türkmen mediasy: parahatçylyga we agzybirlige çagyryş

by Rektor HGI -
Number of replies: 0
Ýazga geçiren Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby, «Nesil».
Türkmen mediasy: parahatçylyga we agzybirlige çagyryş
11 sagat öň
20

Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň tas ählisiniň diýen ýaly ünsüni çeken «Garaşsyz Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara maslahat iri habarlar gulluklary bilen umumadamzat gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek arkaly halklary parahatçylyga, agzybirlige we dostluga çagyryş sedasy boldy. Onda žurnalistikamyzyň geljegi gönüden-göni bagly bolan ugurdaş hünärli talyplaryň çykyşlarynyň diňlenilmegi hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky: «Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen sözleriniň halkara derejedäki ykrarnamasyna öwrüldi. Biz hem bu iri çärä gatnaşyp, özleriniň pikir-garaýyşlaryny dürli dillerde dünýä mediasyna ýetirmek bagty miýesser eden talyp ýaşlaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Yhlas ATAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň 3-nji ýyl talyby:

— Bu halkara mediaforumda dünýä döwletleriniň iri habarlar agentlikleriniň, meşhur elektron neşirleriniň, tele we radio kompaniýalarynyň wekilleriniň çykyş etmegi, biz — geljekki halkaraçy žurnalistlerde uly täsir galdyrdy. Maňa hem şu forumda çykyş etmek bagty nesip etdi. Iňlis dilinde eden çykyşymda ýurdumyzda geçirilýän halkara konferensiýalarynyň dünýä belli habar beriş agentlikleri tarapyndan dessin şöhlelendirilişi dogrusynda durup geçdim.

Şu ýerde her birimiziň aňymyza berk möhürlenen bir wakany ýatlap geçmekçi. Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna gatnaşanda daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi. Özem olaryň öz dillerinde. Hormatly Prezidentimiziň kämil ýörelgesine eýerip, geçirilen halkara maslahatda biz hem ähli çykyşlary terjimeçisiz diňledik.

Biz — ýaşlaryň şeýle halkara derejesindäki çärelere gatnaşmagymyz nazaryýetde alýan bilimlerimizi amalyýetde ulanyp, öz hünärlerimiziň çyn eýeleri bolup ýetişmegimiz üçin uly tejribelik bolup durýar. Watanymyzyň geljegini ýaşlarda görýän Arkadagly Serdarymyza öz hünärimiziň ussady bolmaklyk üçin döredip berýän ähli mümkinçiliklerine köp sagbolsun aýdýarys.

Ýazga geçiren Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby, «Nesil».

Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)