«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda»
Türkmenistanyň Kanunyna girizilen käbir üýtgetmeler we goşmaçalar barada
gysgaça syn
1-nji sentýabrda
Aşgabatda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýy
geçirildi. Iri çärä tutuş ýurdumyz boýunça 400-den gowrak wekil gatnaşdy.
Forumda ýaşlar syýasatyna degişli toplumlaýyn meseleler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Gurulraýyň dowamynda
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýazmuhammet
Öwezberdiýewi Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi
geňeşiniň başlygy wezipesinden boşatmak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu
wezipä Ýazpolat Keriýew saýlanyldy.
Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar
barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň täze neşirine gol
çekdi we Ýaşlar
guramasynyň öňünde durýan wezipeleri kesgitledi.
Aşakda Kanunyň rejelenen görnüşindäki kabir üýtgetmeleri we
goşmaçalary size ýetirýäris:
1. Ýaşlaryň
ýaşy 35-e çenli uzaldyldy. Ozal bu topara 14-den 30 ýaşa çenli
raýatlar degişli edilýärdi.
2. Işgärleriniň
azyndan 75 göterimini ýaş raýatlar düzýän hususy kärhanalar Türkmenistanda
ýaşlar kärhanalary diýlip ykrar ediler.
3. Ýaşlaryň
arasynda terbiýeçilik işleri kämilleşdiriler. Sagdyn durmuş ýörelgelerini
kemala getirmäge, watansöýüjiligi, beýleki milletlere hormaty,
jogapkärçilikliligi, zähmete söýgini terbiýelemäge aýratyn üns berler.
4. Umumybilim
edaralaryny tamamlan ýaş oglanlaryň ýokary hünär we orta hünär okuw
mekdepleriniň giriş synaglaryna gatnaşmagy üçin, bir gezek mümkinçilik döretmek
şerti bilen, harby gulluga çagyryş möhletini wagtlaýyn yza süýşüriler.
5. Hünär
bilimi edaralaryna tölegli esasda okuwa kabul edilen hem-de okuwda, döwlet we
halkara bäsleşiklerinde we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri görkezen
ýaşlara okuwyny tölegsiz esasda dowam etmek mümkinçiligi dörediler.
6. Türkmenistanda
döwlet derejesinde ekologik taslamalary durmuşa geçirmäge, taryhy
ýadygärlikleriň durkuny täzelemäge we içerki syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge
ýaşlaryň gatnaşmaklary goldanylar.
7. Bilim
edarasyny tamamlap, ýaňy işe kabul edilen türkmenistanly ýaş hünärmenleriň
girdeji salgydyny zähmet döwrüniň birinji ýylynda bellenilen kadasyndan 50
göterim, ikinji we üçünji ýylynda 25 göterim peseldiler.
8. Türkmenistanly
alym ýaşlara innowasiýa, oýlap tapyş işini amala aşyrmak üçin döwlet tarapyndan
maddy we maliýe taýdan kömek berler.
9. Türkmenistanda telekeçi ýaşlary goldamak üçin ýörite maýa
goýum gaznalary dörediler.
05.09.2022
«Ýaşlar barada döwlet syýasaty
hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna girizilen käbir üýtgetmeler we goşmaçalar
barada gysgaça syn | Daýdžest (turkmenportal.com)