Şu gün «Türkmenistan» gazetinde çap edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakyndaky» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunynda türkmenistanly ýaşlar üçin ençeme ýeňillikler görkezilen.
Kanunyň 27-nji maddasy «Zehinli ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak» diýlip atlandyrylýar. Zehinli ýaşlary döwlet tarapyndan goldamak şu aşakdakylar arkaly-da amala aşyrylýar:
6) ýaşlaryň zehinini ýüze çykarmak we olary höweslendirmek maksady bilen, hünär bilimi edaralaryna tölegli esasda okuwa kabul edilen hem-de okuwda, döwlet we halkara bäsleşiklerinde we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri görkezen ýaşlara okuwyny tölegsiz esasda dowam etmek mümkinçiligini döretmek;
7) umumybilim edaralarynda okan döwrüniň bütin dowamynda okuwda, döwlet we halkara ders, ylmy, sport, çeper döredijilik, sungat bäsleşiklerinde we jemgyýetçilik işlerinde ýokary netijeleri görkezen ýaşlara saýlap alan hünär ugurlary boýunça döwlet hünär bilimi edaralaryna giriş synaglarynda ýeňillikleri göz öňünde tutmak.
Tölegli okaýan zehinli ýaşlar okuwyny tölegsiz esasda dowam etdirip biler | SalamNews